Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” 2018-nji ýylda dünýäniň iň ganhor terrorçy topary boldy


“Talyban” toparynyň gepleşikçileri
“Talyban” toparynyň gepleşikçileri

“Talyban” geçen ýyl dünýäniň “iň ganhor terrorçy topary” boldy diýip, Owganystanda terrorçylygyň ýokarlanan, Yrakda we Siriýada konfliktleriň böwşeňleşen wagtynda geçirilen täze barlaglaryň netijesinde aýdylýar.

2019-njy ýylyň Global Terrorçylyk görkezijisi 20-nji noýabrda, düýbi Sidnide ýerleşýän Ykdysadyýet we parahatçylyk instituty tarpyndan çap edildi.

Bu görkeziji 2018-nji ýylda “Talybanyň” gatnaşmagynda öldürilen adamlaryň sanynyň 71 prosente golaý ýokary galyp, 6103 adam bolandygyny, munuň dünýäde terror sebäpli öldürilen diýip hasaplanan adamlaryň 38 prosentini düzýändigini tassyklady.

“Talyban” ganhorlykda “Yslam döwleti” terror toparyndan hem ozdurdy. YD-nyň gatnaşmagynda öldürilen adamlaryň sany tas 70 prosent azalyp, 1,328 adam boldy.

Umuman alnanda, dünýä boýunça terrordan ölenleriň sany 15 prosentden gowrak azalyp, 2018-nji ýylda 15,952 adama çenli aşak düşdi diýip, hasabatda aýdylýar.

2014-nji ýylda, görkezijiniň maglumatlaryna görä, terror sebäpli ölen adamlaryň sany 33,555 bolupdy.

XS
SM
MD
LG