Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tähran sudy 6 tebigaty goraýjyny içalyçykykda aýyplap, 6-10 ýyl aralygynda azatlykdan mahrum etdi


Tussag edilen tebigaty goraýjylar, ýokardan, çepden: Niloufar Bayani, Abdolreza Kouhpayeh, Houman Jowkar, Amir Hossein Khaleghi, Taher Ghadirian, Morad Tahbaz, Sepideh Kashani, Sam Rajabi.
Tussag edilen tebigaty goraýjylar, ýokardan, çepden: Niloufar Bayani, Abdolreza Kouhpayeh, Houman Jowkar, Amir Hossein Khaleghi, Taher Ghadirian, Morad Tahbaz, Sepideh Kashani, Sam Rajabi.

Eýranyň sudy ýerli tebigaty goraýyş guramasynyň alty agzasyny alty ýydan 10 ýyla çenli aralykda türme tussaglyklaryna höküm etdi. Olar halkara jemgyýetçiligi tarapyndan tankytlanýan içalyçylyk aýyplamalarynda aýyplandy diýip, sud edilenleriň garyndaşlary we tarapdarlary aýtdy.

Tebigaty goraýjylar “ABŞ duşman döwleti bilen aragatnaşykda bolandyklary” üçin tussag edilip, 22 aý çemesi tussaghanada oturanlaryndan soň günäli tapyldy we türmä ugradyldy diýip, Eýranyň düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän adam hukuklary topary 21-nji noýabrda aýtdy.

“Tebigaty goraýjylar bilen baglylykdaky ýeke-täki jenaýat olaryň bikanun tussag edilmegi, gazaply we agyr şertlerde, ýowuz daramak bilen, bir adamlyk kameralarda uzak saklanmagy, olaryň hukuklary babatdaky bolmaly prosesiň berjaý edilmezligi, şeýle-de olaryň nähak ýerden, kanunyň talap edýän subutnamalary bolmasa-da günäli tapylmagy we azatlykdan mahrum edilmegi bilen bagly” diýip, adam hukuklary guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Hadi Ghaemi aýtdy.

“Mizan” habar gullugynyň maglumatyna görä, suduň sözçüsi Gholamhossein Esmaili tebigaty goraýjylaryň Tähranyň Ynkylap sudy tarapyndan çykarylan hökümden şikaýat edip biljekdiklerini aýtdy.

Höküm çykarylanlar özlerine ýüklenen günäleri ret etdiler. Halkara hukuk toparlary olaryň azat edilmegine çagyrýan dünýä alymlaryna goşuldylar.

XS
SM
MD
LG