Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI Facebook we Google özleriniň iş modelini üýtgetmeli, adamlary yzarlamagy bes etmeli diýýär


Täze hasabatda Facebook we Google “gözegçilik läheňleri” diýlip häsiýetlendirilýär.

Adam hukuklaryny goraýan “Amnesty International” guramasy Facebook we Google özleriniň iş modelini üýtgetmeli, sebäbi ol “adam hukuklarynyň bozulmagyna esaslanan” diýýär.

Düýbi Londonda ýerleşýänadam hukuklary guramasy 21-nji noýabrda çap edilen hasabatynda Birleşen Ştatlarda ýerleşýän iki internet läheňiniň biznes-modeli “gözegçilige esaslanan” bolup, ol “öz mazmuny boýunça şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi bilen bir ýere sygmaýar” diýýär.

Hasabatda Facebook we Google “gözegçilik läheňleri” diýlip häsiýetlendirilýär we olaryň beýleki adam hukuklaryny, şol sanda “söz we pikir aýtmak azatlygyny, pikir azatlygyny, deňlik we kemsidilmezlik hukugyny” wehim astynda goýýandygy aýdylýar.

“Amnesty International” hökümetleri we kanunçylary adamlaryň duşmanlary ýa-da başga üçünji taraplar tarapyndan yzarlanmazlyk hukuklaryny kepillendirmäge çagyrdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG