Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Astrahanda türkmenistanlylary bikanun “propiska eden” zenan jogapkärçilige çekilýär


Astrahanda türkmen dilini öwredýän Resul Şajiýew. Arhiw suraty

Astrahanda daşary ýurtly raýatlaryň Orsýetiň çäginde galp hasaba alynmagynda güman edilýän ýerli ýaşaýja garşy jenaýat işi gozgaldy diýip, “astravolga.ru” neşiri ýerli häkimiýetlere salgylanyp habar berýär.

Güman edilýän aýalyň ady aýdylmaýar, ýöne onuň “uludan” işländigi bellenilýär. Ol özüniň welaýat merkezinde ýerleşýän jaýynda daşary ýurtlularyň hasaba alynmagyny resmileşdirmegi gola goýupdyr. Bu ýagdaý migrantlaryň Orsýete bikanun ýollar arkaly gelmegine şert döredipdir.

Astrahanly zenan hakykatda regionyň myhmanlaryny ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmändir. Ol migrasiýa edarasyna nädogry maglumatlar esasynda doldurylan dokumentleri tabşyrmak bilen, 2017-nji ýylyň oktýabryndan 2019-njy ýylyň fewralyna çenli aralykda öz jaýynda Azerbaýjandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen migrantlaryň jemi 119 sanysyny ýazgy edipdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG