Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz prezidentiniň edarasy Jeenbekowyň 'pul ýuwujylara baglanyşygyny' ret etdi, derňew başlandy


Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbai Jeenbekow
Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbai Jeenbekow

Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbai Jeenbekowyň edarasy döwlet baştutanynyň Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugynyň, Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary taslamasynyň, Gyrgyzystanyň Kloop habar neşiriniň ýurduň gümrük gullugyndaky giň ýaýran korrupsiýa we ýurtdan uly möçberlerde pul çykarylyşy boýunça bilelikde geçiren derňewiniň merkezinde durýan adam bilen hiç wagt telekeçilik etmändigini aýdýar.

Prezidentiň sözçüsi Tolgonai Stamalieýewanyň 22-nji noýabrda çap edilen beýanatynda Jeenbekowyň prezident bolmazyndan öň derňewiň esasy subýekti bolup durýan adam Khabibula Abdukadyr bilen duşuşandygyny, emma onuň hiç wagt bilelikde biznes taslamalarynyň bolmandygyny aýtdy.

Gyrgyzystanyň Baş prokuraturasy 22-nji noýabrda Saimaiti öldürilmezinden öň oňa atylan haýbatlar barada aýdylýanlary derňemek üçin derňewe başlandygyny aýtdy.

Bu haýbatlar bilelikde geçirilen derňewler netijesinde aýan boldy.

Hytaýly etniki uýur, 37 ýaşyndaky Aierken Saimaiti 10-njy noýabrda Stambulda atylyp öldürilmezinden öň žurnalistlere Gyrgyzystanyň ozalky gümrük başlygy we kölegedäki uýgur biznes guramasy, olaryň harytlaryň dokumentlerini galplaşdyrmak we salgytdan gaçmak arkaly, bikanun shemalar esasynda ýüzlerçe million dollary daşary ýurtlara çykaryşlaryny görkezýän maglumatlary berdi.

XS
SM
MD
LG