Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda demir gorlary tapyldy, Türkiýe Türkmenistana demir we sement eksportyny artdyrýar


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň sement öndürmek planlaryny ýarpydan sähel gowrak berjaý edendigini boýun aldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň sement öndürmek planlaryny ýarpydan sähel gowrak berjaý edendigini boýun aldy.

Wise-premýer Myratgeldi Meredow hökümetiň 22-nji noýabrda geçirilen mejlisinde geologiýa-gözleg işleri netijesinde Balkan welaýatynyň çäginde ägirt uly möçberdäki demir gorlarynyň ýüze çykarylandygyny habar berdi, emma anyk detallary açmady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu täzeligi diňläp, degişli resmilere “demir gorlarynyň netijeli özleşdirilmegi üçin ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlarynyň esasynda işleýän täze önümçiligiň döredilmegini” tabşyrdy.

Demir gorlarynyň üstüniň açylmagy prezidentiň bu pudagyň resmileriniň işini berk tankytlamagynyň yz ýanyna gabat geldi. Şonda Berdimuhamedow ýurtda sementiň, sozulan metal öndürmegiň derejesiniň edilýän talapdan has pesdigini boýun alyp, “öz zerurlyklarymyz we beýleki döwletlere eksport etmek üçin ýene-de azyndan üç sany sement zawodyny gurmak gerek” diýipdi.

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri prezidentiň şunuň ýaly tankytlaryndan soň ýurtda ozalam täze ýataklaryň üstüniň açylandygyny belleýär.

Mysal üçin, Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň noýabr aýynyň aýagynda “Türkmengeologiýa” döwlet kompaniýasyndan täze ýataklaryň gözlenip tapylmagyny talap etdi, şondan soň ýanwarda täze agyz suwy hem-de gurluşyk magdany ýataklarynyň üsti açyldy; aprelde Balkan welaýatynda demir känleriniň üsti açylsa, maýda kükürtsiz tebigy gaz ýatagy tapyldy.

Şu aralykda “Trend” neşiri Türkiýäniň Türkmenistana sement we demir eksport etmegini artdyrýandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG