Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Albaniýada ýertitreme netijesinde ölenleriň sany 28 adama ýetdi


Durres, ukudaky çagasyny gujagynda saklap oturan aýal. 26-njy noýabr, 2019.
Durres, ukudaky çagasyny gujagynda saklap oturan aýal. 26-njy noýabr, 2019.

Albaniýalylar ýas tutýar, jemgyýetçilik binalaryndaky baýdaklar ýarpy aşak goýberildi.

Albaniýada bolan ýertitremesinde ölenleriň sany 28 adama ýetdi, halas edijiler ýykylan binalaryň astynda galan adamlary tapmak we çykarmak tagallalaryny güýçlendirýärler.

Häkimiýetler balkan ýurdunyň kenarýaka şäherleriniň birnäçesinde soňky onýyllyklarda bolan iň güýçli ýer yranmasynda ýene dört adamyň ölendigini, 600-den gowrak adamyň ýaraly bolandygyny tassyk etdiler. Sarsgynyň güýjüniň 6.4 magnitýud bolandygy aýdylýar.

Adatdan daşary ýagdaý yglan edilmedi. Aglaba ilaty etniki alban bolan Kosowa hem ýas yglan etdi.

Albaniýalylar we halkara halas ediş toparlary öten agşam harabalaryň aşagynda galan adamlary gözlemek işini dowam etdirdiler.

Durresde, Albaniýanyň Adritaik deňziniň kenarynda ikinji uly şäherinde ýaşaýjylaryň köpüsi gijäni, sarsgynlaryň gaýtalanmagy bilen, çadyrlarda we maşynlarynyň içinde geçirse, beýlekiler futbol meýdançalarynda geçirdi.

Durresde we ýer titremesiniň ojagyna golaý ýerde ýerleşen Thumane şäherinde entegem harabalaryň aşagynda galan we çykarylmadyk onlarça adamyň bardygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG