Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW: Eýran gazaply basyp ýatyrmalaryň netijelerini bilkastdan bassyr-ýussur edýär


Eýranda turan gozgalaň basylyp ýatyrylandan soňky hökümet goldawçylary
Eýranda turan gozgalaň basylyp ýatyrylandan soňky hökümet goldawçylary

Eýran ýangyç bahalarynyň gymmatlamagy üstünde turan gozgalaňa gatnaşan adamlara garşy gören repressiw çäreleriniň gerimini bilkastdan bassyr-ýussur edýär diýip, adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” (HRW) guramasynyň täze hasabatynda aýdylýar.

Dürli hukuk toparlarynyň we eýranly parlament agzasynyň tassyklamagyna görä, 15-nji noýabr agşamy Eýranyň 100-den gowrak ýerinde turan gozgalaňlarda 140-dan gowrak adam öldürildi, 7 müň töweregi adam tussag edildi.

27-nji noýabrda çap edilen hasabat “Eýran: gazaply basyp ýatyrmanyň bilkastdan bassyr-ýussur edilmegi” diýlip atlandyrylýar.

Protestleriň basylyp ýatyrylaly bäri iki hepde geçen hem bolsa, häkimiýetler hökümetiň ýangyç bahalaryny birden ýokarlandyrmak kararyna gelmegi esasynda turan gozgalaň wagtynda ölen adamlaryň kesgitli resmi sanyny şindi hem çap etmedi diýip, HRW aýdýar.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän gurama eýran hökümetini “golaýda bolan protestler mahalynda ölen, tussag edilen adamlaryň sanyny derhal aýtmaga, aýdylýan eden-etdilikleriň garaşsyz derňelmegine rugsat bermäge” çagyrdy.

Hasabatda häkimiýetleriň protestçilere demonstrasiýaçylary “pitneçiler” diýip atlandyrmak we ölüm jezasyny bermek haýbatyny atmak bilen jogap berendikleri aýdylýar.

XS
SM
MD
LG