“Amnesty International” geçen hepde Eýranyň ýüzden gowrak şäherini çaýkan gozgalaňlar basylyp ýatyrylanda öldürilen adamlaryň möçberine gaýtadan seredip, olaryň sanyny ozal 143 bolanlygyndan 161-e ýetirdi.
“Eýranda öldürilen protestçileriň tassyklanan sany, “Amnesty International” guramasyna gelip gowşan ynamdar maglumatlara görä, azyndan 161 adama ýetdi” diýip, adam hukuklaryny goraýan guramanyň 29-njy noýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna iberen beýanatynda aýdylýar.
Düýbi Londonda ýerleşýän gurama “hakykatda öldürilen adamlaryň sany mundan hem has kän bolup görünýär” diýdi.
Ýýangyç bahalarynyň gymmatladylmagy sebäpli turan protestleriň garşysyna görlen ýowuz çäreleriň gerimi, häkimiýetleriň interneti birnäçe günläp tas doly petiklemegi sebäpli, aýdyň bolman galýar.
Häkimiýetler häzire çenli 15-nji noýabr agşamynda öldürilen adamlaryň resmi sanyny çap etmedi.
Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch" (HRW) guramasy biraz öň Eýrany protestçilere garşy görlen repressiw çäreleriň gerimini “bilkastdan bassyr-ýussur” etmekde aýyplady.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?