Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Uzak gündogarynda agdarylan awtobusda 19 adam öldi


Orsýetiň Ýaroslaw oblastynda ýük maşyny bilen çakyşan awtobus. 14-nji sentýabr, 2019.
Orsýetiň Ýaroslaw oblastynda ýük maşyny bilen çakyşan awtobus. 14-nji sentýabr, 2019.

Orsýetiň Uzak gündogarynda bir awtobusyň köprüden doňan derýanyň içine agdarylmagy netijesinde dekabrda 19 ýolagçy heläk boldy diýip, ýerli häkimiýetler aýtdy.

"Täzelenen maglumata görä, 19 adam öldi, 21 adam dürli derejelerde ýaralandy” diýip, Zabaýkalsk regionynyň ýerli hökümetiniň beýanatynda aýdylýar.

Orsýetiň adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi beýanat çap edip, ol awtobusyň Sretensk şäherinden Moskwanyň günortasynda Çita şäherine gelýärkä, Moskwa wagty bilen sagat 09:38-de köprüden Kuenga derýasynyň içine gaçandygyny aýtdy.

Beýanatda awtobusda sürüjiden başga 43 ýolagçynyň bolandygy bellenýär.

Wakanyň bolan ýerine lukmanlar bilen iki dikuçar iberildi. Polisiýanyň sözçüsi hadysanyň sebäpleriniň derňelýändigini aýtdy.

Orsýet dünýäde ýol howpsuzlygy boýunça iň ýaramaz orunlaryň birinde durýar. Ýurduň ýol polisiýasynyň maglumatlaryna görä, geçen ýyl ýol-köçe hadysalary netijesinde 18,214 adam öldi.

XS
SM
MD
LG