Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakly protestçiler Eýranyň konsulhanasyny otladylar


27-nji noýabrda Najaf şäherinde protestçiler Eýranyň konsulhanasyny otladylar.
27-nji noýabrda Najaf şäherinde protestçiler Eýranyň konsulhanasyny otladylar.

Yragyň günortasyndaky aglaba şaýylaryň ýaşaýan Najaf şäherinde hökümete garşy protestçiler bir hepdäniň dowamynda ikinji gezek Eýranyň konsulhanasyny otladylar.

Yragyň paýtagty Bagdadda we şaýylaryň köplük bolup ýaşýan günorta sebitlerinde protestçiler iş orunlarynyň döredilmegini, korrupsiýanyň aradan aýrylmagyny we hyzmatlaryň hiliniň gowulandyrylmagyny talap edip köçelere çykdylar.

Iki aý bäri dowam edýän protestleriň fonunda parlamentiň premýer-ministr Adel Abdel Mahdiniň hökümetiniň çekilmegini 1-nji dekabrda tassyklamagyna hem garamazdan, konsulhana hüjüm edildi.

Iki aý bäri dowam edýän protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagy netijesinde 400 töweregi adam öldi.

Yraklylayň köpüsi Mahdini Eýranyň goldaýandygyny aýdýarlar.

27-nji noýabrda Najaf şäherinde gahar-gazaba münen protestçiler, “Eýran Yrakdan çyksyn” diýen şygarlary gygyryp, Eýranyň konsulhanasyny otlapdylar.

XS
SM
MD
LG