Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Kongresi Hytaýyň musulman azlyklaryny ezmegine garşy sanksiýa girizilmegini talap edip, Uýgur aktyny tassyklady


Sinjiaňdaky polisiýa gözegçileri
Sinjiaňdaky polisiýa gözegçileri

ABŞ-nyň Wekiller öýi 3-nji dekabrda ahyr netijede eksport sanksiýalaryna we ýurduň musulman azlygyna garşy görülýän ýowuz çäreler bilen baglanyşykly uly derejeli hytaý resmilerine garşy adam hukuklaryny bozandyklary üçin giriziljek gadaganlyga alyp geljek kanun taslamasyny aglaba köplükde tassyk etdi.

2019-njy ýylyň Uýgur akty Pekini “demirgazyk-günbatar regiondaky Sinjiaňda, 1 million çemesi uýgury we esasan musulman azlyklaryny içerki tussag lagerlerinde saklap, adam hukuklaryny gödek bozmakda” tankytlaýar.

407-1 hasabynda kabul edilen kanun taslamasy onuň sentýabrda Senat tarapyndan arassalanan we güýçlendirilen görnüşi bolup durýar. Indi bu iki dokument birleşdirilip, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň gol çekmegine ýa-da weto goýmagyna hödürlenmeli.

Hytaý özüniň bu kanun taslamasyndaky ýazgarylmasyna gazaply gaýtawul berdi.

"Biz ABŞ-ny öz ýalňyşlaryny haýal etmän düzetmäge, ýokarda agzalan Sinjiaňa dahylly taslamanyň kanuna öwrülmeginiň öňüni almaga, Sinjiaň bilen bagly meseläni Hytaýyň içerki işlerine goşulmakda ulanmagy bes etmäge çagyrýarys” diýip, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi 4-nji dekabrda çap edilen beýanatda aýtdy.

XS
SM
MD
LG