Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina gazak prezidentiniň Krymyň anneksiýa edilendigini inkär etmegine diplomatik jogap berýär


Gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew
Gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew

Ukraina gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Orsýetiň Krymy ele geçirmegini häsiýetlendirip, ol anneksiýa däl diýen sözlerine öz aladasyny bildirdi.

“Ukraina Gazagystana hemişe öz hyzmatdaşy we dosty hökmünde garady” diýip, Ukrainanyň daşary işler ministrliginiň 4-nji dekabrda çap eden beýanatynda aýdylýar.

“Özara ynam, garaşsyzlyga, özygtyýarlylyga, toprak bitewiligine we serhetleriň eldegrilmesizligine hormat ýörelgeleri... şeýle-de umumy kabul edilen halkara normalary Ukraina bilen Gazagystan respublikasynyň döwletara gatnaşyklarynyň esasyny düzýär.”

Bu beýanat Tokaýewiň Germaniýanyň “Deutsche Welle” neşirine beren we şol günüň özünde çap edilen interwýusynda aýdan sözlerinden soň edildi.

Tokaýew söhbetdeşlikde Ukrainanyň Krym ýarymadasynyň 2014-nji ýylda Orsýete “birikdirilmegi” anneksiýa bolmady diýdi. “Biz Krymda bolan zady anneksiaý atlandyrmaýarys” diýip, gazak prezidenti aýtdy.

“Bolan zat boldy. Anneksiýa Krym babatynda aýdylanda örän agyr söz bolýar” diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG