Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ýakyn Gündogara Eýrana garşy durmak üçin has kän goşun iberip biler


ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esper
ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esper

Birleşen Ştatlar, Eýranyň sebitdäki hereketleri baradaky aladalar esasynda, Ýakyn Gündogara goşmaça has kän esger ibermek meselesine seredýändigini aýdýar.

Goranmak sekretarynyň syýasat boýunça orunbasary John Rood 5-nji dekabrda kongrese Waşingtonyň “Eýranyň edýän hereketlerini alada bilen synlaýandygyny” aýtdy.

Rood goşmaça iberilmegi mümkin esgerleriň sany barada anyk bir zat aýtmady. Emma ol öz çykyşynda “The Wall Street” neşiriniň Pentagon bu sebite 14 müň çemesi esger ibermek meselesine seredýär diýen maglumatyny ret etdi.

Pentagonyň sözçüsi Alyssa Farah goranmak sekretary Mark Esperiň hem bu aýdylýan sanlary inkär edendigini aýtdy.

Bir resmi ABŞ mediasyna goşmaça iberiljek esgerleriň sanynyň 5 müňden 7 müňe çenli bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

Bu gürrüňi edilýän regiona maýda iberilen 14 müň esgeriň üstüni ýetirer.

Ol resmi esgerleriň anyk nirede we haçan ýerleşdiriljekdigini aýtmady.

XS
SM
MD
LG