Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rohani Orsýetden geljek milliardlara daýanýan 'garşy duruş býujetini' hödürleýär


Hassan Rohani eýran parlamentinde çykyş edýär.
Hassan Rohani eýran parlamentinde çykyş edýär.

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani 8-nji dekabrda parlamenti, öz sözleri bilen aýdylsa, “sanksiýalara garşy duruş býujeti” bilen tanyşdyrdy we Orsýetden alynmagy mümkin köp milliardlyk dollaryň girdejileriň esasy çeşmesi bolup biljekdigini ýaňzytdy.

Eýranda 2020-nji ýylyň martynda başlanýan Pars täze ýylynyň býujet taslamasy ABŞ sanksiýalarynyň basyşynyň güýçlenýän wagtynda we eýranlylaryň geçen aýda ýangyç bahalarynyň kadalaşdyrylmagy we subsidialaryň kesilmegi netijesinde turan köçe protestleriniň gazaply basylyp ýatyrylmasyndan aýňalmaga ýetişmedik pursatynda maslahatlaşylýar.

Rohani öz hödürleýän býujetinde nebite bolan garaşlylygyň mümkin bolan derejede azaldylandygyny aýtdy.

"Geljek ýyl, şu ýylda bolşy ýaly, biziň býujetimiz sanksiýalara garşy duruş we tutanýerlilik býujeti bolar” diýip, AFP-niň maglumatyna görä, Rohani parlament agzalaryna ýüzlenip aýtdy.

"Bu býujet dünýä biziň, sanksiýalara garamazdan, hususan-da nebit babatynda, ýurdy dolandyrjakdygymyzy yglan edee” diýip, Rohani belledi.

Eýranyň milli puly we ykdysadyýeti prezident Donald Tramp Waşingtony 2015-nji ýylyň dünýä döwletleri bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çekip, ABŞ sanksiýalaryny we beýleki basyş çärelerini güýçlendireli bäri uly zyýan çekdi.

Halkara walýuta fondunyň hasaplamalaryna görä, Eýranyň ykdysadyýeti şu ýylda 10 prosente golaý pese düşdi.

XS
SM
MD
LG