Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindi polisiýasy aýal zorlamakda güman edilýänleri atyp öldürdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Hindistanyň Haýdarbat şäherinde polisiýa derňew synagy wagtynda 27 ýaşly aýaly zorlamakda we öldürmekde güman edilýän dört adamy atyp öldürdi. Müňlerçe adam polisiýa minnetdarlyk bildirmek üçin şäheriň köçelerine çykdy diýip, BBС habar berýär.

27 ýaşyndaky weterinaryň otlanan jesediniň galyndylary 28-nji noýabrda tapyldy, ekspertiza onuň öldürilmezinden öň zorlanandygyny görkezdi.

Polisiýa 30-njy noýabrda bu jenaýatda güman edilýän dört adamy tussag etdi.

Parlamentde bolan maslahatyň dowamynda ýokary palatanyň deputaty, Bolliwudyň ozalky ýyldyzy Jaýa Baççan gyzy zorlanlaryň we öldürenleriň köpçülikde jezalandyrylyp öldürilmelidigini aýtdy. Bu teklibi parlamentiň başga-da birnäçe agzasy goldady. Bütin ýurt boýunça gyz zorlanmagyna garşy demonstrasiýa geçirildi,köp adam güman edilýänlere ölüm jezasynyň berilmegini talap etdi.

Bäşinji gün on sany polisiýa işgäri güman edilýänleri alyp, bolan wakanyň jikme-jikliklerini anyklamak üçin, jenaýatyň bolan ýerine ugrady. Güman edilýän erkekleriň elleri gandalsyzdy.

Polisiýanyň komissarynyň aýtmagyna görä, ol erkekler polisiýa hüjüm edip, olaryň ikisiniň ýaraglaryny alýar. Şondan soň güman edilýänleriň atylyp öldürilendigi habar berilýär.

Güman edilýänleriň öldürilendigi baradaky habardan soň müňlerçe adam polisiýa alkyş aýtmak üçin köçelere döküldi. Wakanyň bolan ýerine iki müň çemesi adam geldi, olar polisiýa işgärleriniň üstüne gül baldaklaryny seçdiler, süýji paýladylar diýip, BBC-niň habarçysy habar berýär.

Emma polisiýanyň beren resmi maglumatyna, güman edilýänleriň elleriniň gandalsyz bolmagyna köp adam şübhe bildirýär.

“Suddan daşgaryjezalandyrmak adam zorlamagyň öňüni almaýar” diýip, Halkara günä geçiş guramasynyň Hindistan boýunça ýolbaşçysy Awinaş Kumar aýtdy.

Aýal zorlanmagy Hindistanda ägirt uly jemgyýetçilik problemasy bolup durýar. Hökümet maglumatlaryna görä, 2017-nji ýylda polisiýa zorlugyň 33 658 hadysasyny hasaba aldy. Ortaça, bu her günde şeýle jenaýatlaryň 92 sanysynyň bolýandygyny görkezýär.

XS
SM
MD
LG