Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin bilen Zelenskiý Parižde duşuşýarlar


Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiýiň we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň 9-njy dekabrda Parižde duşuşyp, Ukrainanyň gündogaryndaky konflikti maslahat etmeklerine garaşylýar.

Bu şu aprelde prezident saýlanan Zelenskiýiň Putin bilen ilkinji duşuşygy bolar. Mundan ozal, Ukrainanyň we Russiýanyň liderleri soňky gezek 2016-njy ýylda duşuşypdylar.

Ukrainanyň gündogarynda Kiýewiň hökümeti bilen separatistleriň arasynda 2014-nji ýylda başlanan konfliktde 13 müňden hem aşa adam öldürildi. Moskwa bu konflikte gönümel gatnaşygyny ret edýär.

Şol bir wagtda, Russiýa separatistlere harby, ykdysady we syýasy hemaýaty berýär. Mundanam başga, Russiýanyň harby taýdan gönümel gatnaşýandygyny görkezýän deliller bar.

XS
SM
MD
LG