Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gyrgyz prezidenti Atambaýew psihiýatriýa barlagyndan geçiriler


Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew
Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň tussaglykdaky ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew psihiýatriýa barlagyndan geçiriler. Bu barada Içeri işler ministrligi maglumat berdi.

Ministrlik psihiýatrlaryň Atambaýewiň we başga-da 15 aýyplanýanyň sud diňlenişigine çekilmäge ukyplylygyny kesgitlejekdiklerini mälim etdi. Aýyplanýanlar awgustda howpsuzlyk güýçleri bilen ozalky prezidentiň tarapdarlarynyň arasynda iki güne çeken gapma-garşylyk işi boýunça geçýärler.

Atambaýew çaknyşyklardan soň, 8-nji awgustda polisiýa boýun bolandan soňra, tussag edilipdi.

Atambaýew Içeri işler ministrligine soraga gelmek baradaky üç çakylygy ret edenden soňra, ony tussag etmek boýunça operasiýa geçirildi.

Atambaýewe bildirilýän aýyplamalar ýakasy gaýyşly jenaýat ketdesi Aziz Batukaýewiň türmeden bikanun boşadylmagy bilen baglanyşykly.

Atambaýew özüne bildirilýän aýyplamalaryň syýasy matlaplara esaslanýandygyny aýdyp, olary ret edýär.

XS
SM
MD
LG