Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Derňew. Merkezi Aziýadan bolan müňlerçe migrant Şwesiýada nädip işe ýerleşýär


Merkezi Aziýadan bolan migrant Şwesiýa nädip düşendigini hem işlemäge resmi rugsady bolmadyk ýagdaýynda, iş tapyp bilşini düşündirýär.
Merkezi Aziýadan bolan migrant Şwesiýa nädip düşendigini hem işlemäge resmi rugsady bolmadyk ýagdaýynda, iş tapyp bilşini düşündirýär.

Şwesiýanyň TV4 kommersiýa telekanaly hem Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň bilelikdäki geçiren barlagy işe ýerleşmäge hukugy bolmadyk migrantlaryň Şwesiýada işe ýerleşip bilişleri bardaky nämälimligiň üstüni açdy.

Soňky ýyllarda Merkezi Aziýadan bolan müňlerçe migrant ellerinde rugsat kepilnamasy bolmazdan, Şwesiýanyň işçi güýjüniň hataryny doldurdylar. Olar ulanylan maşyny “satyn almak” bahanasy bilen, kanunda goýberilen bir ‘deşikden’ peýdalanyp, şwedleriň açyk salgyt nomerini alýarlar.

Şwesiýanyň TV4 telekanaly hem AÝ/AR-nyň bilelikdäki derňewlerinde, Stokgolmdaky «dokumentleriň identifikasiýa fabrikleriniň» birinden, 2016-njy ýyldan bäri 1100-den gowrak migranta Şwesiýanyň dürli kompaniýalaryndan açyk bolmadyk iş orunlaryny tapmaga kömek berlipdir.

«Dokumentleriň identifikasiýasy fabriginiň», ýagny meňzeş dokument düzetmek işiniň başynda, 2004-nji ýyldan bäri Şwesiýada ýaşaýan bir immigrant durýar. Barlagyň görkezişine görä, ol toslanyp tapylan Akmal ady bilen tanalýar.

Akmal her bir awtoulagy “satyn” alýandan 200-den 500 ewro (dollar hasabynda 220 - 550) alýar, dokument onuň kireýine alýan jaýynyň adresine ýazylýar, ol jaý Stokgolmyň günbatar etegindäki Hasselbide. Ol bu adresi şol bir maşynyň 112 gezek satylyp, hasaba durmagy üçin peýdalanypdyr. Onuň müşderileriniň köpüsi maşyny hiç wagt görmändir, olarda sürüjilik hukugy-da ýok.

Migrantlaryň köpüsi Akmalyň hyzmatynyň arkasyndan salgyt nomerini edinip, gurluşyk meýdançalarynda, myhmanhanalarda, restoranlarda hem söwda merkezlerinde işe ýerleşipdir. Olardan käbirleri uniwersitetlerde, keselhanalarda, hatda hökümet edara jaýlarynda tam süpüriji bolup işleýär.

Akmalyň hyzmatyndan peýdalanan bir migrant bolsa Stokgolmyň Arlanda aeroportundaky şwed serhet polisiýasynyň ofisini süpürmäge kärendeçileri kireýine tutýan bolupdyr. Hut şol gurama hem bikanun migrantlaryň öňüni saklamaly ýer.

Migrantlardan biri serhet polisiýasynda kanuny däl ýagdaýda, tam süpüriji bolup işleýär.
Migrantlardan biri serhet polisiýasynda kanuny däl ýagdaýda, tam süpüriji bolup işleýär.

Şwesiýadaky «dokumentleri identifikasiýa edýän fabrikler» işçi güýjüni hakyna tutujylaryň köpüsiniň iş gözläp baranlardan, işlemäge rugsat berýän dokumenti talap etmeýändiklerini bilip, hut şondan peýdalanýarlar. Eger iş sorap gelenlerde hakykatdanam Şwesiýanyň salgyt agentliginden (Skatteverket) identifikasiýa nomeri bolsa, olara bank hasabyny açmaga mümkinçilik berýär, bu işçi güýjüni hakyna tutýanlar üçin ýeterlik.

Bu zynjyr köp şertde hereket edip bilýär, sebäbi Şwesiýanyň Transport agentligi (Transportstyrelsen) ol adamyň kimligini tassyklaýar, onda «samordingsnummer» diýilýän salgyt koordinasiýasynyň nomeri bar. Her gezek köne awtomobil satylanda, ol Şwesiýanyň sosial goraglaryň nomeri bolmadyk bir daşary ýurtlynyň adyna ýazylýar.

Iş ýüzünde Transport agentligi Şwesiýanyň salgyt guramasy ýa-da Ýurduň migrasiýa agentligi (Migrationsverket) ýaly, beýle bir berk barlag geçirip durmaýar. Ol gurama faks ýa-da elektron poçta bilen iberilen dokumentiň nusgasynyň esasynda, salgyt organlaryndan koordinasiýa nomerini alýarlar.

Şwesiýanyň salgyt agentligindäki ýalançylyga garşy göreşiniň bilermeni Piýa Bergman salgyt töleýjileriň koordinasiýa nomeri bolsa, ol migranta Şwesiýanyň zähmet bazarynyň «gapylaryny açýar» diýýär.

— Siz bu ýerde işlemäge mümkinçilik alýarsyňyz. Siz bu ýerde bank hasabyny açmaga mümkinçilik gazanýarsyňyz, adresiňizi görkezip, bir zatlar alyp hem bilýärsiňiz. Munuň özi Şwesiýanyň sosial gorag nomerini talap edýän bar zada mümkinçilik açýar. Siz bu ýagdaýda koordinasiýa nomerinden peýdalanyp bilýärsiňiz – diýip, bilermen aýdýar.

Salgyt koordinasiýa nomerini almak işi 25 güne çenli çekip bilýär, bu hyzmat üçin Transport agentligi töleg talap etmeýär. Mundan peýdalanan Akmal hem beýleki «dokumentleriň identifikasiýasy fabrikleri» ulanylan awtoulaglary ýalan ýagdaýda satyp, uly girdeji gazanýarlar. Üstesine ol girdejiniň köp bölegi hasaba alynmaýar.

AÇYK «ÇAL ZOLAK»

Şwed çinownikleriniň sözüne görä, Akmal ulag satyldy diýip, ýalan maglumaty hasaba aldyranda, tehniki tarapdan Şwesiýanyň kanunyny bozmaýar. Kanun bozujylar migrantlar hem kompaniýalar bolup durýar, sebäbi iş wizasynyň bardygyny tassyklamazdan olary işe alýarlar.

Şwesiýanyň TV4 telekanaly hem AÝ/AR 1100 migrantyň hyzmatyndan peýdalanýan, umumylykda 476 kompaniýada derňew geçirdi. Olaryň ählisi Akmalyň «dokumentleriň identifikasiýasy fabriginden» salgyt koordinasiýa nomerini alypdyrlar.

Ol kompaniýalaryň arasynda uly şäherleriň tabşyryklaryny bitirýän has iri firmalar ýa-da hökümet kompaniýalarynyň jemgyýetçilik jaýlary bar. Beýleki işçi güýjüni ulanyjylar wagtlaýyn firmalar diýilýäni bolup, olar ýyl dowamynda ýa-da ondanam az wagt dowam edip, ägirt uly bergä batyp, soňra ýitýärler.

Internetde goýlan reklama. Rus dilinde ýazylyşyna görä, migrantlar «dokumentleriň identifikasiýasy fabrigi» arkaly, Şwesiýanyň salgyt töleýjileriniň koordinasiýa nomerini edinip bilýärler.
Internetde goýlan reklama. Rus dilinde ýazylyşyna görä, migrantlar «dokumentleriň identifikasiýasy fabrigi» arkaly, Şwesiýanyň salgyt töleýjileriniň koordinasiýa nomerini edinip bilýärler.

Galplygyň öňüni almak boýunça şwed bilermeni Anders Borkenhaýmyň aýtmagyna görä, käbir firmalar maglumatlary barlamak boýunça ýörite ulgamyň ýeterlik bolmazlygy sebäpli, migrantlary işlemäge rugsady bardygyny soramazdan hakyna tutýarlar.

Onuň sözüne görä, öz borçlaryna ak ýürek bilen garamaýan ýa-da gara nebisli şwed firmalary hem az däl, olar salgyt nomeri bolan hem şwed bankynda hasap açdyran migranty işe kabul edýärler, sebäbi olary ulanmak maksady bilen iň pes aýlyk hakynyň deň ýarysyny töleýärler. Meselem, Şwesiýanyň myhmanhanalar hem restoranlar biznesinde iň pes aýlyk 21 930 şwed krony ýa-da ABŞ-yň 2 320 dollaryna golaý.

Borkenhaýmyň sözüne görä, borçlaryna ak ýürekden hyzmat etmeýän kompaniýalar ýa-da olardan belli bölegi öz biznes işleriniň geljegine zyýan ýetirmez hasap etseler, migrantlary elinde işlemäge rugsat hatynyň bolmazlygyna garamazdan kabul edýärler.

— Olar hiç bir zady sorap durmaýarlar – diýip, bilermen aýdýar.

Aldawçylygyň hem galplygyň öňüni almak boýunça şwed bilermeni Anders Borkenhaým.
Aldawçylygyň hem galplygyň öňüni almak boýunça şwed bilermeni Anders Borkenhaým.

Ýurtda giň ýaýran «dokumentleriň identifikasiýasy fabriginden» peýdalanyp gazanç edýänleriň öňüni almak baradaky meselä Şwesiýanyň Transport agentliginiň direktorynyň orunbasary Anna Berggrund şeýle garaýar; onuň sözüne görä, hökümet edaralary koordinasiýa nomerini bermek işini yzygiderli dowam etdirmäge borçly edilýär.

— Hususy awtoulagyňy başga bermek ýa-da geçirmek jenaýat hasaplanmaýar. Ony bir adresden beýleki adrese üýtgetmegem jenaýat däl. Biz diňe identifikasiýa dokumentlerini ýeterliksiz hasaplanymyzda, bu işe “ýok” diýip bilýäris. Biz özümizde bar bolan instruksiýa laýyklykda hereket edýäris. Biz dokumentleri alýarys hem barlaýarys. Eger arza kadaly görünse, onuň tassyklanmagyna garşy durup bilmeýäris, hatda kimdir biri onuň ol ýa beýleki bir tarapyna şübhe bildirse-de. Ol adam dostlaryna hem maşgalalara dokument almaga ak ýürekden ýardam edipmi ýa-da dälmi, ony subut etmek bize kyn. Kim dil bilýän bolsa, ol dokumentleri nähili tabşyrmalydygyny hem hökümetler bilen aragatnaşyga girmegi başarýar – diýip, Berggrund aýdýar.

Borkenhaým bolsa awtomobilleriň galp satylyş zynjyrynyň «guramaçylykly jenaýatyň guraly» bolup durýandygyny duýdurýar.

Akmalyň hyzmatyndan peýdalanýan migrantlaryň köpüsi «dokumentleriň identifikasiýa fabriginiň» bardygyny Şwesiýadaky migrantlar jemgyýetiniň arasyndaky sarafan radiodan, ýagny mugt reklamanyň üstünden ýa-da sosial ulgamdan bilipdirler.

Borkenhaýmyň sözüne görä, «dokumentleriň identifikasiýa fabrikleri» ol zynjyry Orsýetden, Özbegistandan, Azerbaýjandan, Gruziýadan we beýleki öňki sowet respublikalaryndan bolan migrantlara Internet arkaly açyk reklama edýärler.

TV4 telekanalynyň hem AÝ/AR-nyň mälim etmegine görä, migrantlar kanuny esasda turistik wiza bilen beýleki ýurtlardan, şol sanda wizasyz hereket edip bolýan Şengen zolagyndan Şwesiýa girip hem çykyp bilýärler. «Dokumentleriň identifikasiýasy fabrigine» 500 ewro (ABŞ-yň 550$) töläp, salgyt koordinasiýa nomerini edinýärler.

Borkenhaýmyň sözüne görä, kanun aktlaryndaky bar bolan ‘deşik’ şwed hökümetini jenaýat işlerine «ýaran» edýär hem «häzirki zaman gulçulygyny» döredýär. Hakykat ýüzünde Akmalyň köp müşderisi indi şwed kanun aktlaryna laýyklykda «häzirki zaman gulçulygy» derejesinde işleýär.

Zähmet migrantlarynyň arasyndaky iş wizasy bolmadyk aýallar özleriniň jynsy ezlişe sezewar bolaýdygyny aýdýarlar. Olardan käbirleri bolsa jelepçilik etmäge mejbur bolýar.

— Maňa bir hepdeläp mugt işlemäge razy bolsaň, seni işe teklip edeli diýdiler. Şol bir hepde geçenden soň, meniň öňümde ýa başlyk bilen ýatarsyň, ýa-da işsiz galarsyň diýen şerti goýdular. Sende başga nähili ýol galar? – diýip, şwed uniwersitetinde tam süpüriji bolup işleýän özbek aýaly aýdýar.

— Köp aýal çagasyny, yzynda galan öýüni alada edip, muňa göz ýumýar-da, aýdylany edýär. Olar muňa kaýyl bolýarlar. Olar muny etmäge mejbur bolýarlar. Çagalaryny ekläp-saklamak üçin, olara pul gerek – diýip, ol aýal düşündirýär.

Şwed hökümeti bu işlere garşy hiç bir çäre görmese, awtoulaglary ýalandan satmak zynjyrynyň öňüni almasa, salgyt koordinasiýa nomerini edinmekde peýda bolan ‘gädigi’ ýapmasa, ýurtda şeýle eziliş has köpeler diýip, Borkenhaým netije çykarýar. Sebäbi kagyz ýüzünde maşyn “satmak” usuly Şwesiýada işe ýerleşmegiň bir ýoly bolup durýar.

— Bu ýagdaýda siz bizi ýaran hökmünde häsiýetlendirip bilersiňiz. Hakykatdanam bu aýňalmagyň, ret edip bolmajak ýagdaýyň fakty. Munuň özi şwed hökümet organlarynyň ählisine degişli – diýip, Borkenhaým belleýär.

Akmalyň müşderilerini hakyna tutýan firmalaryň ýolbaşçylary özlerine şuňa meňzeş maglumat gowanda, resmi däl işgärleri işden boşadýandygyny aýdyp özlerini aklaýarlar. Ýöne Şwesiýanyň salgyt agentligindäki maliýe gözboýagçylygy boýunça eksperti Bergman işçi güýjüni tutujylar kanuny däl adamlary işe alýandygy üçin jogapkärçilik duýmaly diýýär.

— Eger şol kompaniýalaryň köpüsiniň tassyklamagyna seretsek, olar mynasyp zähmet bazaryna girmek isleýärler, bu ugurda ahlak nukdaýnazarlaryna doly mynasyp bolan syýasaty goldamak isleýärler, şol wagtda-da olar şol zynjyry goldaýarlar – diýip, Bergman pikiriniň üstüni ýetirýär. – Olar iş orunlarynda bikanun duran adamlaryň bardygyna ynanman, öz işleriniň bir bölegini aýdyňlaşdyrmak islemeýärler.

AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG