Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ynsan hukuklarymy ýa-da milli gymmatlyk? Bişkekde geçirilen çäre jedelleri döretdi


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

9-njy dekabrda graždan aktiwistleri milli gymmatlyklar – edep-ahlagy, medeni diregleri gorap saklamaga çagyryş edip, Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde «Белгилүү маршрут», ýagny «Bellenilen marşrut» atly çäre geçirdiler.

Başy ak eleçekli (leçek – başdaňy) aýallar, ak sakgally ýaşulular oturan awtobus Gyrgyzystanyň milli drama teatrynyň ýanyndan ýola düşdi. Awtobusyň gapdalyndan «Millet kanundan ýokarda», «Ärden (maşgaladan) çyksaň-da, ilden çykma!», «Ýalaňaçlanma, uýat!» ýaly şygarlar ýazylypdyr.

Golaýda birnäçe tanymal wekiller Milli şekillendiriş sungaty muzeýinde gurnalan feminnale (aýallyk sypatlary) sergisine öz närazylygyny bildirdiler. Sergi jemgyýetde jedelleriň döremegine getirdi. Gyrgyzystanyň halk ýazyjysy Asan Žakşylykow milli gymmatlyklara hem edep-ahlaga hormat goýmagyň möhümdigini öňe sürdi.

– Dünýäde adamlar dürli garaýyşlar bilen ýaşaýarlar. Ýöne her bir milletiň milli gymmatlyklaryna hormat goýmak gerek. Adamlar ýalaňaçlyga “dünýä medeniýeti” diýýärler, şonuň bilen birlikde gyrgyzlaryň milli medeniýetini hem däp-dessuryny hormatlamak zerur. Öz gezegimizde bizem olardan gowy zatlary alýarys. Şeýlelikde, özümiziň hormat goýýan medeniýetimizi hem asylly däplerimizi sylamalydyrys, ony başga milletleriň-de sylamagy gerek – diýip, ýazyjy aýtdy.

Kanyşaý Mamyrkulowa
Kanyşaý Mamyrkulowa

Aýallara garşy göreşi ýazgarýan feminnalede goýlan aýry-aýry eksponatlary milli däplere hem gymmatlyklara açyk garşy duruş hökmünde garanlar hem bar. Žurnalist Kanyşaý Mamyrkulowa muny ideologiýa diwersiýasy diýip atlandyrdy.

– Daniýadan bir aýal bu ýere gelip, ideologiýa «bombasyny» partladan ýaly boldy. Bize bolsa muny seljermek galdy. Muzeýdäki sergi «öz maksadyna ýetdi» diýip geplemek nädogry bolar. Biziň Gyrgyzystanymyz – her bir graždaniniň hukugyna hormat goýýan ýurt. Ýöne ýalaňaç aýal teniniň şekilini goýup, muňa-da iň beýik sungat diýmek – bu medeniýet däl.

«Bellenilen marşrut» çäresini gurnaýjylaryň biri Elnura Kuluýewa feminnale faktoryny edepsizligiň ýaýradylmagy hökmünde häsiýetlendirdi.

– Olar jemgyýetde giňden aýdyň bolmadyk «Meniň tenim – meniň işim» diýen pikiri öňe sürýärler. Ýöne jemgyýetde owaly bilen ahlak-terbiýe ýokary orun almaly. Biz maşgala birligini bar zatdan ileri tutmaly hem ony millet hökmünde goramalydyrys. Biz onsuzam az sanly halk – diýip, ol aýdýar.

Garaýyşlaryň çaknyşygy

Şol aksiýa ýurduň Medeniýet, informasiýa hem turizm ministri Azamat Žamankulow gatnaşdy hem söz sözledi.

Azamat Žamankulow
Azamat Žamankulow

– Eger biz gyrgyz bolýan bolsak, gyrgyz medeniýetini öňe sürmelidiris hem ony goramalydyrys. Şol wagtda-da beýleki meseleler ýüze çykýar: öz alnymyzda dünýä medeniýetini açmalymy, ondan öwrenmelimi ýa-da ýok? Eger biz diňe öz medeniýetimiz bilen galsak, diňe şonuň bilen meşgullansak, dünýä derejesinden yzda galyp nadan bolarys diýen pikirler bar. Ýöne bu beýle däl, biz milli medeniýetimizi gorap, dünýä medeniýetini-de özleşdirip bileris.

Şol wagtyň özünde «Bellenilen marşrut» şygary ýazylan awtobus paýtagtyň köçelerinden barýarka, ynsan hukuklaryny goraýjylaryň hem nazaryna ildi. Aýratyn-da, «Millet kanundan ýokarda» diýen şygar.

Aziza Abdirasulowa.
Aziza Abdirasulowa.

Ynsan hukuklaryny goraýjy Aziza Abdirasulowa jemgyýetde millet hem kanun diýen düşünjeleriň gapma-garşy goýulýandygyny aýtdy.

– Kanuny – hukugy hem milleti bir- birine garşy goýmak hakykat ýüzünde nädogry. Her bir adamda ol doglandan soň hukuk bolýar, şonuň üçin biz adamlar öz hukugy boýunça deňdir diýýäris. Bu adalatyň fundamenti. Milli bähbitler, şol sanda däp-dessurlar, edep-ahlak we gaýrylar kanuny dolduryjy düşünjelerdir. Şonuň üçinem kanun milli düşünje bilen deň derejede goýulmaly. Kimiň şahsy hukugy bozulsa, ol adam kanunyň nämedigini bilýär.

Öz gezeginde «Baý elim» kompaniýasynyň baş direktory Rysgül Akimžanowa öz sosial ulgamynda «Millet kanundan ýokarda» diýen şygary tankytlady.

– Hiç wagt hiç ýagdaýda adam hukugyndan ýokarda zat bolup bilmez. Ýöne men bu ýerde başga zady görýärin. Milliligi hojaýyn edýärler. Ertirki gün dini öňde goýarlar, aýdarlar bu esasy diýip. Soňra erkekler bilen aýallaryň arsyny bölerler we başgalar. Owaly bilen şeýle bölünişik bolar. Olar ot bilen oýun edýärler. Bizde milletara konflikt eýýäm boldy ahyryn. Olar hakykatdanam bir ädim öňüni görjek bolanoklar ýa-da oda ýörite ýag guýýarlar, ony bilmedim – diýip, Rysgül Akimžanowa öz pikirini mälim edýär.

Başga gymmatlygyň öňünde tagzym

Aksiýa gatnaşyjy Gülşan Moldoýewa her näçe propaganda ýöretseňem, ýaşlara peýdasy ýok, olaryň gymmatlyklar barada garaýşy başgaça diýen pikirde.

– Görüp dursak, ýaşlar başga akymlara çalt özüni berýärler hem başga gymmatlygy özüne siňdirýärler. Biziň düşünjämiz bilen olaryň gözgaraýşyny deňeşdirmek mümkin däl. Biziň öz hossarlarymyzdan alan terbiýämiz düýpden başgady. Biz ululary diňleýärdik hem olaryň nazarynda ösüp-ulalýardyk. Häzirki ýaşlar ol terbiýäni äsgermeýärler, olar dürli maglumatlary Internetden alýarlar hem başgalaryň täsirine gidýärler. Olarda düýpden başga garaýyşlar emele gelýär – diýip, Gülşan Moldoýewa aýdýar.

Gapar Aýtiýew adyndaky Milli şekillendiriş sungaty muzeýinde häzirki zamanyň feminnale sungaty ilkinji gezek açyldy. Onuň baş temasy aýallaryň ykdysady erkinligine gönükdirildi. Dünýäniň 22 ýurdundan bolan 50-den gowak aýal hudožnikleriň işi ykdysady deňlik meselesini, jynsy zorlugy hem aýallaryň agyr hyzmatyny ýokary göterdi. Ýöne Daniýadan sergä gatnaşan bir aýalyň performansy – özüni görkezişi köplerde tankydy pikirleri döretdi. Ol sergä gelenleriň öňünden ýalaňaç bolup çykdy hem olaryň gözüniň alnynda geýindi. Şeýle etmek bilen ol aýallaryň seksual ezilmegine öz garşylygyny bildirmek isledi.

Ol sergini guraýjylaryň adyna hem muzeýiň işgärlerine haýbat atylmagy sebäpli Milli şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Mira Jangaraçewa öz arzasy bilen wezipesinden çekildi.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG