Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda terror bilen ilteşikli 14 adam türme tussaglygyna höküm edildi


Aýyplanýanlar suduň çykaran hökümini diňleýärler. Nur-Soltan. 11-nji dekabr, 2019 ý.
Aýyplanýanlar suduň çykaran hökümini diňleýärler. Nur-Soltan. 11-nji dekabr, 2019 ý.

Gazagystanyň paýtagty Nur-Soltanda sud terror bilen ilteşikli dürli hereketlere gatnaşmakda günäli tapyp, 14 gazagy 8-14 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm etdi.

Höküm edilenleriň ählisi şu ýylyň başynda Siriýadan getirilipdi. Olar terrorist toparyna adamlary çekmekde, terrorist toparyna agza bolmakda, çydamsyzlygy döretmekde, gazaplylygy ündeýän edebiýaty bikanun ýaýratmakda günäli tapyldylar.

Olaryň ählisi özlerini “bölekleýin günäli” saýýandyklaryny aýtdylar. Şol bir wagtda, boýun alan etmişlerini aýdyňlaşdyrmakdan saklandylar.

Mundan öň, Gazagystanyň Milli Howpsuzlyk Komitetiniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Siriýadan umumy hasapda 824 gazak raýaty: 57 erkek, 220 aýal we 547 çaga getirilipdir. Olaryň hataryndan 44 adam, şol sanda 10 aýal terrorizm aýyplamalary esasynda bir ýyldan 11 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edildi.

XS
SM
MD
LG