Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda ýurda girýän turistleri hasaba almak düzgünini üýtgetmek teklip edilýär


"Daşkent" halkara aeroportumyň täze terminaly.
"Daşkent" halkara aeroportumyň täze terminaly.

Özbegistan ýurda gelýän turistleri hasaba almak düzgünini üýtgetmekçi. Täze düzgüniň 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girmegi mümkin. Prezidentiň “Turizm pudagyndaky amala aşyrylýan reformalarda onuň peýdalylygyny ýokarlandyrmak üçin, goşmaça çäreler hakyndaky” kararyna laýyklykda, Döwlet turizm komiteti tarapyndan täze maksatnama işlenilip, ol SOWAZ portalynda 24-nji dekabrda maslahata goýulýar.

Daşary ýurt graždanlaryny hem-de graždanlygy bolmadyklary hasaba almak düzgüni wizanyň möhleti (ýa-da wizasyz), ýöne 30 kalendar gününden artyk bolmadyk ýagdaýynda üýtgedilýär.

Täze proýekte laýyklykda, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýol görkeziji gidler, ekskursiýa guraýjylar hem-de ugradyjy-instruktorlar bu iş bilen özbaşdak meşgullanýandygy üçin, wagtlaýyn zähmet şahadatnamasyny edinip bilerler.

Turistlere amatly bolar ýaly, halkara aeroportlarynda turistik infrastruktura zolagy dörediler. Halkara aeroportuna 5 gektardan az bolmadyk şerti bilen bir kilometriň çäginde bolan degişli ýer berler. Şol berlen ýerde 2020-nji ýylyň ahyryna çenli awtoduralgalar, kafeler, restoranlar, kiçi banklar, myhmanhanalar gurlar, fudtraklar (hereket edýän azyk-iýmit furgony) bolar, bu şertler döwlet-şahsy eýeçilik hyzmatdaşlygy esasynda gurlar diýlip, Podrobno.uz. habar berýär.

Şeýle hem döwlet-şahsy eýeçilik hyzmatdaşlygy esasynda, ýurduň ähli halkara aeroportlarynda 2020-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli, salgytsyz söwda merkezleri (Duty Free) dörediler.

2020-nji ýylyň 1-nji iýulyndan başlap, Özbegistanda turistik ýygymlaryň umumy ýeke-täk hasap düzgüni işläp başlar. Şonuň çäginde turistik hyzmatlaryň tölegleri, pul çalyşyk nokatlary ähli barlag-geçiriş nokatlarynda işe giriziler.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG