Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ozalky gyrgyz prezidenti Atambaýew howpsuzlyk ofiserini öldürmekde aýyplanýar


Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew

Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýewe, awgust aýynda ozalky prezidentiň tarapdarlary bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky iki günlük gapma-garşylygyň dowamynda, howpsuzlyk güýçleriniň ofiserini öldürmekde aýyplama bildirildi.

Içeri işler ministri Kaşkar Januşaliýewiň sözlerine görä, Atambaýewe polkownik Usenbek Niýazbekowy atyp öldürmek işi boýunça şübheli hökmünde geçýändigi barada duýdurylypdyr. Alty çaganyň kakasy Niýazbekow 7-nji dekabrda Bişkegiň etegindäki Koi-Taş obasyndaky Atambaýewiň jaýyna geçirlen reýdiň dowamynda öldürildi.

Jumaşaliýewiň maglumatyna laýyklykda, ballistik testleriniň netijesinde Niýazbekowyň döşüne Atambaýewiň adyna hasaba alnan mergen tüpeňinden atylandygy anyklanypdyr.

Atambaýew Içeri işler ministrligine soraga gelmek baradaky üç çakylygy ret edenden soňra, ony tussag etmek boýunça operasiýa geçirildi. Atambaýewe ýakasy gaýyşly jenaýat ketdesi Aziz Batukaýewiň türmeden bikanun boşadylmagy bilen baglanyşykly aýyplama bildirilipdi.

Atambaýew 8-nji awgustda polisiýa boýun bolandan soňra, tussag edildi.

Oňa döwlet wekillerine garşy güýç ulanmak, köpçülikleýin bidüzgünçilikleri gurnamak, adam öldürmek synanyşygyna ýolbaşçylyk etmek, zamun almak we parahorlyk aýyplamalary bildirilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG