Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bişkegiň sudy Azatlygyň Gyrgyz gullugynyň doňdurylan bank hasaplaryny açdy


Raimbek Matraimow (arhiw suraty)
Raimbek Matraimow (arhiw suraty)

Bişkegiň sudy Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň, onuň habarçysynyň we Kloop habar saýtynyň doňdurylan bank hasaplaryny açmak baradaky towakganamany kabul etdi.

Mundan öň, korrupsiýa dawasynyň merkezinde bolan täsirli gyrgyz maşgalasy ýokarda agzalanlara garşy şikaýat bilen suda ýüz tutupdy.

Matraimowlaryň maşgalasynyň kanuny wekilleri doňdurylan hasaplaryň açylmagyny resmi taýdan soranyndan soňra, 13-nji dekabrda Swerdlowyň etrap sudy degişli hökümi çykardy.

Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugyna, onuň habarçysy Ali Toktakunowa we Kloopa garşy töhmet atmak aýyplamasy esasynda açylan iş dowam edýär.

Suduň soňky höküminden bir gün öň, Swerdlow etrap sudy Azatlyk Radiosynyň Bişkekdäki edarasyna 10-njy dekabrda çykarylan hökümi gowşurypdy. Onda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ali Toktakunowyň, Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň we Kloop neşiriniň hasaplarynyň doňdurylýandygy mälim edilýärdi.

Bilelikdäki derňewiň mazmunyny çap eden 24.kg atly beýleki garaşsyz gyrgyz habar internet-neşiriniň hem hasaplary doňdurylypdy.

XS
SM
MD
LG