Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina, Russiýa gaz tranzit gepleşiklerini dowam etdirýärler


Naftogazyň direktory Ýuriý Witrenko
Naftogazyň direktory Ýuriý Witrenko

Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki energiýa läheňi Gazprom we Ukrainanyň Naftogaz kärhanasy rus gazyny Ukrainanyň üstünden tranzit arkaly Ýewropa akdyrmak boýunça ylalaşygyň möhletini uzaltmak baradaky gepleşikleri dowam etdirjekdiklerini aýtdylar.

Häzirki 10 ýyl möhlet bilen baglaşylan ylalaşyk dekabryň aýagynda tamamlanýar.

13-nji dekabrda Wenada Gazpromyň başlygy Alekseý Miller we Naftogaz Ukrainanyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky gepleşikler netijesiz tamamlandy.

“Häzir anyk bir zat aýdardan entek ir. Emma, biz konstruktiw çemeleşýäris” diýip, Naftogazyň dolandyryjy direktory Ýuriý Witrenko özüniň Facebook hasabynda ýazgy galdyrdy.

Witrenko geçen aý Wenada geçirilen gepleşiklerden soň, Moskwa bilen Kiýew ýylyň aýagyna çenli täze tranzit ylalaşygyna baglaşyp bilmeseler-de, Ukrainanyň Ýewropa akdyrylýan rus gazyny kesmejekdigini nygtapdy.

XS
SM
MD
LG