Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

German baş diplomaty: Russiýa çeçen söweşijisiniň ekstradisiýa edilmegini soramady


(çepden saga) Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we rus prezidenti Wladimir Putin bilelikdäki metbugat ýygnagyna gatnaşýarlar. Pariž. 8-nji dekabr, 2019 ý.

Germaniýanyň baş diplomaty Moskwanyň Berlinde öldürilen etniki çeçeniň ekstradisiýa edilmegi boýunça ýüz tutmandygyny aýtdy. Bu rus prezidenti Wladimir Putiniň mundan ozalky eden beýanatyna garşy gelýär.

Germaniýanyň daşary işler ministri Heiki Mass hiç kimiň 40 ýaşly Zelimkhan Hangoşwiliniň ekstradisiýa edilmegini soramandygyny aýtdy. Hangoşwili Russiýanyň Çeçenistan regionynda separatistleriň hatarynda söweşipdi. Ol soňy bilen Germaniýadan gaçybatalga sorady.

23-nji awgustda Berliniň seýilgähleriniň birinde Hangoşwiliniň kellesine iki gezek ok atyldy.

Mundan gysga wagt soň bir rus adamy ele salyndy we tussaglyga ýerleşdirildi.

German prokurorlary bu jenaýaty rus hökümet gulluklarynyň gurnan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

9-njy dekabra Putin daşary ýurt liderleri, şol sanda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen geçiren metbugat ýygnagynda Moskwanyň Hangoşwiliniň ekstradisiýa edilmegini sorandygyny aýdypdy. Putin şonda Hangoşwilini “zalym ganhor” diýip atlandyrdy we onuň Russiýada gözlege yglan edilendigini sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG