Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Gyrgyzystanly zähmet migrantlaryny öz watandaşlary aldadylar


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Moskwada ýüzlerçe migrant gyrgyzystanlylar tarapyndan döredilen autsorsing (outsourcing) kompaniýasyndan işlän zähmet hakyny alyp bilmeýär.

Nurtilek Mirbek uulu bir ýarym ýyldan bäri Moskwanyň myhmanhanalarynyň birinde ofisiant bolup işleýär. Ilkinji Moskwa autsorsing kompaniýasy oňa az töleg edensoň, ol gyrgyzlar tarapyndan açylan başga bir firmanyň müşderisi boldy.

“Şu ýylyň fewral aýynda men «Sewendeýs» atly kompaniýanyň bardygyny eşitdim. Ony Adis atly bir gyrgyz açypdyr, ol bir sagat işläniňe 200 rubl töleýär. Biz oglanlar bilen muňa begenişip, hemmämiz bu firma geldik” diýip gürrüň berýär.

Indi bolsa şol myhmanhanada işleýän 15 çemesi oglan her aýda gazanan 50 müň rubl aýlyk haklaryny alyp bilmeýärler. Nurtilekiň sözüne görä, kompaniýa özüni bankrot diýip yglan edipdir.

“Olar Moskwada köp myhmanhana bilen işleşýärler. Meniň bilşime görä, biziň myhmanhanamyzdan 15 adam olardan aýlyklaryny alyp bilenok. Biz ol kompaniýa ynandyk, sebäbi ol ýerde gyrgyzlar işleýärdi. Oglanlar firma telefon arkaly öz pasportynyň suratyny, migrasiýa kartyny iberdiler, ýöne hiç bir zähmet şertnamasyna gol çekmediler. Owal başda aýlyklary kadaly tölediler, ýöne awgustdan başlap, bökdençlik döredi. Sentýabr aýynda asla tölemediler, oktýabr aýynda bolsa Adis öz oglanlary bilen gelip, firmanyň bankrota düşendigini aýtdy” diýip, Nurtilek aýdýar.

Orsýetde işleýän migrantlar aralykda durýan bir kompaniýa ýüz tutmaly bolýarlar. Şeýle usul migrantlaryň dokumentleri bilen iş salyşmak islemeýän iş berijileri kanagatlandyrýar.

Ýüzlerçe adam aýlyklaryny alyp bilmeýär

Adis Subanow bilen gürleşenimizde, mart aýyndan bäri Arkalaşyga girýän ýurtlardan Moskwa işlemäge gelen ýüzlerçe migrantyň bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlyk etmäge ýüz tutandygyny aýtdy. Olar indi öz aýlyk haklaryny alyp bilmeýändigi üçin, Subanow öňki işdeş ýoldaşyny günäleýär.

“Mart aýynda Saltanat Abakirowa beýleki bir firma kompaniýanyň hasabyndan, 5 million 127 müň rubl geçirdi. Häzire çenli-de ol puly berenok. Häzir sud gidýär. Eger sud ol aýalyň alanlaryny yzyna gaýtarmaly etse, men hemmeler bilen hasaplaşaryn” diýip, ol aýdýar.

2016-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda OsOO «Sewendeýs Grupp» kompaniýasyny döredenler Adis Subanow bilen Saltanat Abakirowa bolup durýarlar. Kompaniýanyň baş direktory hökmünde Adis Subanow görkezilýär. Olar Orsýetiň onlarça kompaniýasyny işçi güýji bilen üpjün etdiler.

2019-njy ýylyň mart aýynda iki başlygyň arasynda düşünişmezlik ýüze çykypdyr. Şonda Adis Subanow migrantlary öňkä meňzeş atly başga bir kompaniýa geçirip başlapdyr.

2019-njy ýylyň 1-nji aprelinde OsOO «Sewendeýs Serwic» hasaba alynýar. Internet çeşmelerde görkezilişine görä, onuň baş direktory Wýaçeslaw Denisow, ony esaslandyran Orozmat Ergeşow. A. Subanow işgärleriň aýlyk haklaryny bermek üçin, öz tanyşlaryna ýüz tutupdyr. Ýöne ikinji kompaniýa bilen gatnaşygyny ret edýär.

Migrantlar 2019-njy ýylyň sentýabr hem oktýabr aýlary üçin «Sewendeýs Grupp» kompaniýasyndan aýlyk haklaryny alyp bilmeýändigini aýdýarlar, olaryň arasynda täze döredilen «Sewendeýs Serwic» autsorsing kompaniýasyndan hem aýlyklaryny alyp bilmedikler bar.

Subanowyň sözüne görä, «Sewendeýs Grupp» mart aýynda 150 migrantyň aýlyk haklaryny töläp bilmändir, olaryň arasynda Gyrgyzystanyň graždanlaryndan daşary-da, Russiýanyň, Ukrainanyň, Täjigistanyň hem Moldowanyň graždanlary bar. Öňki egindeş başlygy S. Abakirowanyň garşysyna sud işiniň gidýändigini aýtsa-da, ol işe Moskwanyň haýsy sudunyň seredýändigini Subanow aýtmaýar.

Saltanat Abakirowanyň özi bolsa 2019-njy ýylyň başyndan bäri A. Subanow bilen işleşmeýändigini aýdýar. Onuň direktorlyk eden «Sewendeýs Grupp» kompaniýasynyň adamlaryň aýlygyny töläp bilmeýändigini «bankda bolan problema» bilen baglanyşdyrýar.

«Men diňe adwokatyň gatnaşmagynda, soraglara jogap berip biljek. Bu çylşyrymly iş. Men öz jogapkärçiligimi bilýärin. Ikinji kompaniýanyň döremegi bilen bank hasabynda problema ýüze çykdy. Nähili-de bolsa, men bar zady kanunyň çäginde çözmekçi» diýip, S. Abakirowa aýdýar.

Gyrgyzystanyň Moskwadaky Döwlet migrasiýa gullugyna aýry-aýrylykda hem toparlaýyn görnüşde, jemi 150 gyrgyzystanly «Sewendeýs Serwic» bilen «Sewendeýs Grupp» kompaniýalarynyň üstünden arz edipdir.

Gyrgyzystanyň Moskwadaky Döwlet migrasiýa gullugy
Gyrgyzystanyň Moskwadaky Döwlet migrasiýa gullugy

Gullugyň işgäri Doorbek Abdrazakow gyrgyzystanlylaryň ol arzalarynyň Moskwanyň Derňew komitetine iberilendigini aýdýar. Işe haçan serediljek we gyrgyzystanlylar aýlyklaryny alyp biljeklermi, entek ol mälim däl.

Bu iki kompaniýadan aldanan migrantlaryň sanyny anyk aýtmak kyn.

Moskwadaky Döwlet migrasiýa gullugyna geçen ýylda aýlygyny alyp bilmeýän 2, 5 müň gyrgyzystanly ýüz tutupdyr, olaryň aýlyk haklary umumylykda 120 million rubla deň. Migrasiýa gullugy şol puluň ýarysyna golaýyny yzyna gaýtaryp bilipdir. Ol gullugyň ýolbaşçylaryndan, şu ýyla degişli statistiki maglumatlary almak başartmady.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG