Hindistanda raýatlyk baradaky dawaly kanun bilen baglanyşykly ýurduň birnäçe şäherinde geçirilýän protestler möwjeýär. Bu ýagdaý polisiýanyň demonstrantlar bilen çaknyşmagyna getirýär.
16-njy dekabrda hindi paýtagty Nýu-Delide awtobuslar otlanyp, köçeler böwetlenen mahaly, polisiýa göz ýaşardyjy gazy ulandy we protestçileri tussag etdi.
11-nji dekabrda Hindistanyň milli parlamenti tarapyndan gürrüňi edilýän kanun kabul edilenden soň, ýurduň demirgazygynda we gündogarynda demonstrasiýalar geçirilip başlandy. Munuň bilen bir wagtda, birnäçe şäherde Internet hyzmatlary kesildi.
Bäş gün bäri dowam edýän durnuksyzlykda birnäçe adam öldi.
Gürrüňi edilýän kanun Owganystan, Bangladeş we Pakistan ýaly ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat ýurtlardan bolan musulman däl adamlara hindi raýatlygyny almak düzgünlerini çaltlandyrýar.
Dünýäniň birnäçe ýurdy, şol sanda Britaniýa, Kanada we Birleşen Ştatlar Hindistanyň demirgazyk-günbataryna sapar etjek raýatlar üçin syýahatçylyk duýduryşyny ýaýratdy.