Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hyrat hüjüminde azyndan üç polisiýa ofiseri öldürildi


Owganystanyň kartasy

Owganystanyň günbataryndaky Hyrat şäherinde amala aşyrylan hüjümde azyndan üç owgan polisiýa ofiseri öldürildi diýip, resmiler aýdýarlar.

Hyrat welaýat polisiýasynyň başlygy general Aminullah Amarhil 15-nji dekabrda giçlik ýaragly adamlaryň bir toparynyň hüjüm edendigini aýtdy.

Onuň sözüne görä, çaknyşykda iki hüjümçi öldürildi we başga-da ençemesi ýaralandy.

Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç kim öz üstüne almady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG