Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Owal başda işläp özüni tutýarlar, soňra ýakynyny çekýärler". Gazagystandan ABŞ-a kim gelip bilýär we näme üçin gelýär


Maýami aeroportunyň pasport barlagy bölüminde nobata duran ýolagçylar.
Maýami aeroportunyň pasport barlagy bölüminde nobata duran ýolagçylar.

Demirgazyk Gazagystanyň bir kiçijik şäherden bolan gazak gyzy üç ýarym ýyl mundan öň Amerikada bagtyny synamak isledi. Iňlis dilini bilmese-de, okeandan aňyrlygyna uçdy. Häzir Aýýa Baltabek Nýu-Ýorkda immigrant meseleleri boýunça maslahatçy. Ol Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde, kimiň ABŞ-da ýerleşmek maksady bilen gelýändigini, näme üçin gazagystanlylaryň öz ýakynlaryny bu ýere “çekýändigini” düşündirdi.

32 ýaşly Aýýa Baltabеk Manhettende ýuridiki firmanyň işgäri. Olaryň ofisi Taýms-skwer meýdançasynyň golaýynda. Ol immigrantlar meselesi bilen iş salyşýar hem öz ildeşlerine ABŞ gelmäge, soňlugy bilen bu ýerde ýaşamaga wiza almak meselesinde kömek berýär.

BULAÝEWODAN NÝU-ÝORKA ÝOL

Aýýa ABŞ-a girmek wizasyny 2016-njy ýylyň iýunynda aldy. Onuň ýol üçin süýşüren puly ýokdy, karz alyp, goşlaryny ýygnady-da, Ştatlara uçdy. Onuň yzynda Demirgazyk-Gazagystan oblastynyň Bulaýewo şäheri, bilimi, ýuridiki işi hem nebit-gaz ulgamynda işlän 7 ýyllyk tejribesi galdy, öňde bolsa nämälimlik bardy.

Aýýa owaly Wirjinide ýerleşdi, soňra Nýu-Ýorka geldi. Onuň sözüne görä, Amerikada maşynsyz ýaşamak kyn, Nýu-Ýorkda bolsa metro bar. Gazak gyzy ýuridiki ugurdan iş tapmak üçin, goşmaça bilim almaga taýýarlandy. Bu ugurdan iş tapmak kyn, immigrantlara-ha asla mümkin däl.

ABŞ-dan bolan ýurist Aýýa Baltabek.
ABŞ-dan bolan ýurist Aýýa Baltabek.

— Bize – immigrantlara işe ýerleşmek üçin, öz bilimiňi tassyklatmak gerek; ol ýerde alan bilimiň bu ýerde ýaranok. Elbetde, bu ähli hünärlere degişli däl, ýöne wraçlar, ýuristler bir ýyldan birnäçe ýyla çenli hökman goşmaça bilim almaly. Okamak gymmada durýar, soňra magistratura girip, ekzamen tabşyrmaly. Soňundan BAR, ýagny ýuridiki lisenziýa üçin ekzamen bermeli. Meniň üçin BAR iň agyr bökdençlik boldy, ony tabşyrjak bolup, dört aýymy ýitirdim. Ol ruhy sarsgyn berdi, agramymy, gije ukymy ýitirdim, ýöne günde 10 sagat okadym – diýip, Aýýa ýatlaýar.

Ilkinji synanyşykda Aýýa Baltabek ekzamenleri üstünlikli tabşyryp, işe durup bilipdir. Aýýa esasan rus dilli immigrantlar bilen işleşýär.

ABŞ-dan BAŞPENA ALMAK KIMLERE ÝEŇIL?

Ýuridiki ýardamlary berýän onuň iş kompaniýasyna gazagystanlylar az ýüz tutanoklar, olaryň arasynda bosgunlyk statusyny aljak bolýanlaram bar. Olaryň köprägi seks-azlykdakylar diýip, Aýýa Baltabek belleýär.

— Aýratyn-da, ýaş ynsanlar, görmegeý hem akylly, ýöne özlerini Gazagystanda örän ýygra tutýarlar. ABŞ-a gelenlerinden soň olar seksual-azlykdan bolany üçin, özlerine ýaşamaga ygtyýar berilýändigini bilýärler. Olar gazak jemgyýetinde özleriniň halanmaýandygyny, jemgyýet tarapyndan, hatda öz maşgalasynda-da gysylýandygyny aýdýarlar. Ýaşlaryň birnäçesi özüniň geýdigini hossarlaryna açyk aýdyp bilmeýär. Käte olar janyndan irýärler – diýip, Aýýa gürrüň berýär.

ABŞ-daky ýurist Aýýa Baltabek.
ABŞ-daky ýurist Aýýa Baltabek.

Onuň tejribesine görä, LGBT wekillerine hem-de dini garaýyşlar boýunça yzarlanýanlara ABŞ-dan bosgunlyk hukugyny almak, syýasy gysyşlar sebäpli status aljak bolýanlardan has ýeňil.

— Owaly bilen syýasat diýseň, onuň sowallary köp. Ikinjiden, syýasy gysylyşy subut etmek kyn, ABŞ-yň migrasiýa gullugy biziňkileriň käte aldadýandygyny bilýär. Her näme diýseňem, Gazagystanda durmuş asuda, uruş ýok, adamlar açlykdan ölenoklar. Şu meselede Ukrainadan bolanlaryňky ýeňilräk. Ol ýerde uruş barýar. ABŞ-yň migrasiýa gullugynyň işgärleri başpena soraýan adamyň öýünden urşuň 500 kilometrlik uzakda barýandygyna seretmeýär. Elbetde, beýleki tarapdan, ýurduň niresinde uruş gitse-de, ol aýylganç bela. Şu meselede Gazagystan bilen Russiýadaky ýagdaý durnukly saýylýar – diýip, Aýýa deňeşdirýär.

— Eger hakykatdanam ony syýasy matlaplary üçin öz ýurdunda yzarlaýan bolsalar, muny subut etmeli – diýip, ýurist Aýýa dowam etdirýär. – Eger ol adam saklanyp, oňa garşy güýç ulanylan bolsa, medisina barlagynyň netijelerini görkezip bolar. Ol adam mitinge gatnaşan bolsa, öz fotosuratyny görkezse has oňat. Şeýle hem öz ömür ýoluňy ýazyp, kim we haçan ony yzarlanma duçar etdi, syýasy gysyşlar haçandan başlandy – bulary ýazyp beýan etmeli. Ol takmynan 30-50 sahypa bolar. Ol hatda hakykatdanam öz ýurdundaky ýaşaýşyň erkin däldigini görkezmeli. Şeýle hat bosgunlara gowy ýardam edýär.

Ýöne adamlaryň ABŞ-da galmak maksady bilen bosgunlyk statusyny aljak bolýanlary-da bar. Şonda olar syýasy başpena usuly iň elýeterlisi diýip düşünýärler, munda ýuridiki hyzmatlara az-owlak tölegler bolýar.

— Meselem, bir wiza bilen ABŞ-a gelenleriň statusy saklanmaýar. Soňra wizanyň möhleti gutaranda, olar howsala düşüp başlaýarlar. Näme etmeli? Şondan soň öz ýurdunda gysylýandygy üçin däl, eýsem çykgynsyz ýagdaýdan gutuljak bolup, syýasy statusa arza berýärler. Aslynda Gazagystandan gelenleriň köpräginiň owal başda syýasy bosgunlyk statusyny almak maksady ýok, ýöne ýurdunda onuň üçin geçelgeleriň barysy ýakylan, ABŞ-da bolsa ýaşamak üçin gazanç edip bilmeýär – diýip, ýurist Aýýa bu meseläni dowam etdirýär.

— Gazagystanlylar owal başda ABŞ-a okamaga ýa-da dürli maksatlar bilen gelýärler, aýratynam Work and travel (studentlere berilýän halkara alyş-çalşygy, ABŞ-da 1 - 4 aý aralygynda açyk işlemäge we gezelenç etmäge rugsat) bilen gelip, soňra bu ýurtda galmaga giň mümkinçiligiň bardygyny bilýär.

IMMIGRANTLAR TÄZE ÝURDA NÄHILI UÝGUNLAŞÝAR?

Öňki sowet giňişliginden bolan käbir immigrant Nýu-Ýorkyň rus dilli raýonlary bolan Bruklinde hem Braýtonda ýerleşýärler. Aýýanyň pikirine görä, iňlis dilini bilmeýän, ýöne ABŞ-da ýaşamak isleýän GDA ýurtlaryndan bolan migrantlara owal başda şol sebitlerde ýaşamak ýaman däl. Emma iňlis dilini-de öwrenmegiň möhümdigini ýurist gyz belleýär.

— Ýerli ýaşaýjylar bilen işleşmek üçin, iňlis dilini bilmek hökman. Iňlis diliň bolmasa, rus dillileriň arasynda işlärsiň, ol ýerde iş haky az bolar, hal-ýagdaýyňy gowulandyryp bilmersiň – diýip, Aýýa Baltabek belleýär.

Aýýanyň özi ABŞ-a gelende, owaly Wirjinä gidip, Angliýadan bolan immigrantyň öýünde ýaşapdyr. Munuň dogry çözgüt bolandygyna ol ynanýar, sebäbi iňlis dillileriň arasynda bolansoň, ol dili çalt öwrenip, işlemäge mümkinçilik tapypdyr.

Aýýa Baltabek öz hünäriniň ABŞ-da ähli ugurlarda, ähli graždanlar üçin gerekli hünärdigini aýdýar. “Men öz işim boýunça türmelere-de girip gördüm. Ýogsa-da, ol ýer edil kinodaky ýaly. Türmede oturanlar bilen görüşmek üçin, hökman ýurist bolmagyň gerek. Ýurist hemmelere gerek” diýip düşündirýär. Aýýa immigrantlara, şol sanda gazaklara-da nähili jenaýatyň häsiýetlidigini aýdýar.

— Bu köp ýagdaýda dükanlardan her dürli harytlary ogurlamak bilen bagly. Beýleki ýagdaý bile ýaşaşýan aýaly ýa-da äri tarapyndan polisiýanyň çagyrylmagyna degişli. Grin-kart bilen gelýän maşgalalar haýsydyr bir kynçylyk sebäpli dawalaşýarlar, soňy bolsa urşa ýazýar. Umumylykda kriminal ýagdaýa düşýänleriň köprägi ogurlyk ýa aýallaryň arza-şikaýaty esasynda bolýar. Bu ýagdaý täze gelenleriň köpüsinde duşýar – diýip, ýurist aýdýar.

Ýuristiň bellemegine görä, dükandan ýa biriniň öýünden zat ogurlanyň üçin türmä basmaýarlar, ýöne dürli kynçylyk ýüze çykýar, sud derňewi bolýar, bu bolsa immigrantyň terjimehalyna tegmil düşürýär.

– Eger bolan işe baş galdyrmasaň, beýleki statuslary aljak bolanynda päsgelçilik döreýär. Şonuň üçinem ýüze çykan ýaramazlygy wagtynda aýdyňlaşdyrmak gerek. Ýöne köpler muňa el salgap, soňra kösenje galýarlar – diýip, Aýýa belleýär.

ÖZÜNI TUTAN GAZAGYSTANLY ÝAKYNLARYNY ÇAGYRÝAR

Ýurist gyzyň şahsy tejribesine görä, ABŞ-a gelen watandaşlary seýrek ýagdaýda özlerini ýaramaz ugurda görkezýärler. Aslynda gazagystanlylar iş orunlarynda hem jemgyýetde zähmetsöýerligi bilen tanalýar, olaryň hünäri özleşdirmäge bolan ukyplary-da gowy.

— Boýun almak gerek, gazagystanlylar mydama biri-birine kömek edýärler, öz golaýlary barada alada galýarlar. Olar soňlugy bilen öz ýakynlaryny ABŞ-a çekmek isleýärler. Aýratyn-da, Ştatlara 10 ýyl öň gelenler, ýagny özüni tutup, aýak üstünde durup bilýänler garyndaşlaryny çekmäge çalyşýarlar. Ol wagta çenli olar ABŞ-yň graždanlygyny hem alýarlar. Migrantlar ilki bilen ýaşamaga hukuk berýän hukugy almaga çalyşýarlar, soňra graždanlyk üçin, onsoň öz garyndaşlaryny çekýärler – diýip, Aýýa düşündirýär.

Azatlyk Radiosynyň gürrüňdeşi häzir ABŞ-da ýaşamaga hukugy bolan statusa eýe, indi graždanlyk hukugyny almagy göz öňünde tutýar, şony alyp bilse, öz uly doganyna ABŞ-dan ýuristlik derejesini almaga kömek etmekçi. “Şonda biz bu ýerde ýuridiki kompaniýa açyp bilerdik” diýip, öz planlaryny aýdýar.

Aýýa Baltabek diňe bir Manhettendäki iş ofisinde däl, öz Instagramy bilen ABŞ-a gelen emigrantlara-da konsultasiýa berýär. Onuň sözüne görä, iň köp berilýän sorag grin-karty («ýaşyl karta» şahsyýetiň kimligini görkezýän identifikasiýa kartasy, ol ABŞ-yň graždanlygy bolmadyklara işlemäge mümkinçilik döredýär) edinmek bilen baglanyşykly meseleler. Şeýle hem Aýýa ABŞ-a gelmek isleýänlere maslahat berýär.

— Iň esasy zat – ABŞ-a geljek bolsaň, ilkinji edinýän wizaňa, onuň statusyna örän jogapkärli çemeleşmeli. Şeýle hem ilkinji gezekde migrant bolmak üçin däl-de, özüňi turist hökmünde görkezmegiň möhüm. Eger ABŞ-a girip bilseň, işiň deň ýarysyny bitirdigiň – diýip, Aýýa belleýär.

BOSGUNLYK HUKUGY – SYÝASY AKT

Gazagystanyň Milli ykdysadyýet ministrliginiň statistika baradaky komitetiniň maglumatyna görä, şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda, Gazagystandan 34 müň adam çykypdyr. Ol geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8% köpdür. Hususan-da, Gazagystanyň şäher ilatyndan 28,8 müň adam, oba ilatyndan 5,4 müň adam gidipdir.

Migrantlaryň esasy akymy goňşy ýurtlara tarap bolsa-da, Günbatar döwletlerinde, şol sanda ABŞ-da hemişelik ýaşamaga isleg bildirýänler hem az däl. Geçen dokuz aýyň dowamynda, Gazagystandan 190 graždanin Demirgazyk Amerika gelipdir we diňe 69 adam yzyna gaýdypdyr.

Emmigrasiýa üçin gazaklar dürli ýollary, şol sanda syýasy gaçybatalgany saýlap alýarlar diýip, Gazagystanyň Ynsan hukuklary býurosy mälim edýär.

— Soňky wagtlarda Günbatar ýurtlaryndan başpena almak üçin maslahat soraýanlar köpelýär. Olaryň bir bölegi hakykatdanam Gazagystanyň syýasy durmuşyna öz täsirini ýetirmek üçin göreşen adamlar, olara indi howp abanýar. Kim syýasy iş bilen meşgullanan bolsa, olar üçin syýasy bosgunlyk ýoly açyk. Şeýle hem dini ynanjy arkaly ýurduň ýörite gulluklaryndan howatyr edýän adamlar bar. Ýöne biziň ýanymyza Gazagystanda mundan artyk ýaşamagyň manysynyň ýokdugyny aýdyp gelýärlerem az däl, olar ykdysady-durmuş kynçylyklaryny sebäp edip görkezýärler. Ol adamlar (durmuşyň) nirede gowy boljagyny gözleýärler. Elbetde, bar adam başpena almagyň nämedigine düşünip barmaýar. Beýleki birleri bolsa ol ýurda migrant hökmünde baryp, edil beýleki baran kesekiler ýaly, öz gününi dolandyrmak maksady bilen ýaşamak isleýär. Ýöne bosgunlyk hukugy bolanlara sosial hem pul kömekleri ýaly, aýratyn ýardam berilýär. Şonuň üçinem käbirleri gelip, özüniň ‘gysylýandygy’ barada dürli bahanalary aýdyp başlaýarlar. Ol, hamana, bir gezek mitinge çykypdyr, indi bolsa ýurtdan çykyp, bir ýere gaçmak isleýär, aslynda ony yzarlaýan ýok. Biz öňräkden bäri bu ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýänimiz üçin ony bilýäris – diýip, Gazagystandaky Ynsan hukuklary býurosynyň direktory Denis Jiwaga aýdýar.

Denis Jiwaga bosgunlara hem graždanlygy bolmadyklara ýuridiki meselelerde ýardam berýän proýekte ýolbaşçylyk edýär.

Ol şeýle hem gazagystanlylaryň käbiriniň hiç bir delilsiz syýasy gaçybatalga almaga synanyşýandygyny aýdýar. Şonuň üçin Günbatar ýurtlarynyň migrasiýa gulluklary onuň býurosyna ýüz tutup, Gazagystanyň hakyky ýagdaýy barada informasiýa bermegini soraýarlar.

— Ol ýa beýleki sebäplere garamazdan, bosgun statusynyň berilmegi halkara Konwensiýasyna laýyklykda, ynsanperwer akty bolup durýar. Bu iş birnäçe ýurtlarda, hatda Günbatar döwletlerinde-de syýasy akt saýylýar – diýip, Gazagystandaky Ynsan hukuklary býurosynyň wekili aýdýar.

ABŞ üçin wiza almak Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adamlaryna asla ýeňil däl. ABŞ-yň Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, şu ýylda ABŞ-a girmäge wiza almak islän gazagystanlylaryň 42,58%-niň arzasy yzyna gaýtarylypdyr. Bu bolsa geçen ýyldakydan 3% köpdür. Ýöne Gazagystan beýleki Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda iň az haýyşy kabul edilmedik ýurtdyr. Goňşy Özbegistanda hem Gyrgyzystanda bu görkeziji degişlilikde 68,06 we 67,75% deň.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG