Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Biri çybyk çalýar, beýlekisi wideo alýar. Täjigistanyň günortasynda bir mekdepden iki mugallyma käýinç berildi


Balçuwon sebiti.
Balçuwon sebiti.

Hatlon welaýatynyň Balçuwon raýonynyň magaryf bölümi bir mekdepden iki pedagogyň garşysyna “pedagoga gelişmeýän hereket” diýen käýinç yglan etdi.

Okbulak obasyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymlary Dilbar Abduhakimowanyň hem Gançina Ahmadowanyň garşysyna “çäre” görüldi. Olaryň biri çagalary çybyk bilen urupdyr, beýlekisi bolsa ony telefonda wideo düşüripdir. Wakadan soň wideoýazgy sosial ulgamda peýda boldy.

Bir minut dowam edýän ol wideoda çagalaryň gezekme-gezegine mekdebe girişi görkezilýär, mugallyma bolsa olaryň hersini çybyk bilen urýar. Çagalaryň käbiri çybykdan gaçyp gutuljak bolup, pedagogyň ýanyndan dazlap geçmäge çalyşýar, ýöne mugallyma ony ýetip, çybyk çalýar.

Sosial ulgamda bu ýagdaýy täjik ýazyjysy Sadriddin Aýniniň “Köne mekdep” eserindäki beýan edilýän waka bilen deňeşdirdiler, şol döwürde çagalary şeýdip “terbiýeleýän” ekenler. Sowet ýazyjysy Aýniniň ol powestinde 19-njy asyrdaky Buhara emirliginiň mekdep-medreselerindäki jeza çäresi suratlandyrylýar.

Dilbar Abduhakimowa indi 20 ýyldan gowrak bäri şol mekdepde ene dili we edebiýaty mugallymy bolup işleýär. Onuň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, mekdepde edep-terbiýäni bilgeşli bozýan bezzatlara temmi bermek isläpdir. Onuň sözüne görä, şol okuwçylar toplumy “hiç özlerine seretmän, elmydama düzgüni bozupdyrlar”.

Pedagogyň sözüne görä, onuň surata düşürilmegi hiç bir maksatsyz, ýöne ýazgy bir mugallymanyň adamsy tarapyndan sosial ulgama goýlupdyr. “Şol gün meniň okuwçylara temmi beren günüm, men mekdepde nobatçydym. Men hiç kimi ýörite yzarlamadym, hiç birini-de urmadym. Okuwçylaryň hiç biri menden şikaýat etmedi. Ýöne ol wideonyň Internet ulgamyna düşüşine haýran galýan” diýip, mugallyma aýdýar.

Bu hereketi üçin Dilbar Abduhakimowany raýon magaryf bölümine ýörite çagyryp käýinç berdiler hem bolan ýagdaýy anykladylar. Raýonanyň müdiri Umeda Bekowa Azatlyk Radiosy bilen gürleşende, ol mugallyma “pedagoga gelişmeýän hereketi” üçin duýduryş berlendigini aýtdy.

“Ol wideonyň Internetde goýlandygyny mugallymanyň özi bilmeýänem eken. Biz olardan düşündiriş aldyk hem ikisine-de käýinç berdik. Eger geljek üç aýyň dowamynda nähilidir düzgüni bozma ýol berseler, onda işden boşadylarlar. Ol biziň tejribeli pedagogymyz, öz günäsini boýun alyp, ýagdaýa düşünýändigini aýtdy” diýip, raýon bilim bölüminiň müdiri düşündirdi.

Ýöne bilim bölüminiň müdiri bu ýagdaýy telefon arkaly ýazga düşüren beýleki mugallymanyň näme üçin käýinç alandygyny aýtmady.

Düzgün-tertip üçin pedagoglara berlen bu iki duýduryş çäresi Täjigistanyň mekdeplerinde okuwçylara garşy ulanylýan ýaramaz terbiýeçilik işleriniň üznüksiz jedel döredýän wagtyna gabat geldi.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG