Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Wekiller Öýi Gündogar Ýewropanyň energiýa garaşsyzlygy üçin $1 milliard hemaýaty tassyklady


Polşanyň ilkinji suwuklaşdyrylan gaz terminaly.
Polşanyň ilkinji suwuklaşdyrylan gaz terminaly.

ABŞ-nyň Wekiller Öýi Gündogar Ýewropanyň Russiýanyň nebitine we gazyna bolan garaşlylygyny peseltmek tagallalarynyň çäginde, sebitiň energiýa proýektlerine 1 milliard dollar möçberinde maliýe serişdesini goýbermek taslamasyny kabul etdi.

Wekiller Öýi Ýewropanyň Energiýa Howpsuzlygy we Diwersifikasiýa Aktyny 17-nji dekabrda kabul etdi.

Taslamanyň şu hepde Senatdan geçjekdigine we prezident Donald Tramp tarapyndan gol goýuljakdygyna garaşylýar.

ABŞ Russiýany özüniň baý nebit we gaz gorlaryny ulanyp, energiýa serişdelerine mätäçlik çekýän goňşularyna täsir ýetirmekde aýyplaýar.

Gündogar Ýewropanyň köp döwleti energiýa importlarynyň aglabasyny Russiýadan alýar.

Waşington bu ýagdaýlary üýtgetmek maksady bilen, regionyň strategiki energiýa, şol sanda suwuklaşdyrylan gaz terminallary, gün we ýel energiýa generatorlary ýaly proýektlerini maliýeleşdirmek üçin 1 milliard dollar möçberinde maliýe serişdesini goýberýär.

“Russiýa syýasy we ykdysady bähbitlerini ilerletmek üçin özüniň wagşy energiýa syýasatyny ýöredýär. Hut şu sebäpli biz Moskwanyň töweregindäki energiýa garaşsyzlyk proýektlerini maliýeleşdirmäge kömek etmelidiris” diýip, ABŞ-nyň Senatynyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň agzasy Demokrat Kris Murphy (Chris Murphy) aýtdy.

ABŞ-daky nebit we gaz önümçiliginiň artmagy onuň Ýewropa bazary üstünde Russiýa bilen bäsleşmegine mümkinçilik berýär. Taslama ABŞ-nyň eksportyny artdyrmaga hemaýat berjek proýektleri hem goldaýar.

Prezident Donald Tramp şu ýyl Ak Tamda Merkezi we Gündogar Ýewropanyň liderleri bilen duşuşanda, ABŞ-nyň energiýa eksportyny we energiýa infrastruktura meselesini gepleşikleriň üns merkezinde jemläpdi.

Taslama Döwlet Departamentiniň energiýa proýektleriniň maliýeleşdirilmegine degişli bolan döwletlere diplomatiki we syýasy goldawy bermegini hem göz öňünde tutýar.

XS
SM
MD
LG