Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz-täjik serhedindäki çaknyşykda dokuz adam ýaralandy


Batkende hökümet resmileri ýaralananlaryň ýagdaýyndan habar tutmaga geldiler. Gyrgyzystan. 18-nji dekabr, 2019 ý.
Batkende hökümet resmileri ýaralananlaryň ýagdaýyndan habar tutmaga geldiler. Gyrgyzystan. 18-nji dekabr, 2019 ý.

Gyrgyzystan bilen Täjigistanyň serhet araçäginde dörän çaknyşykda alty gyrgyz we üç täjik ýaralandy. Bu barada resmiler we keselhana işgärleri maglumat berýärler.

Gyrgyzystanyň Serhet gullugy 18-nji dekabrda Batken regionynda dörän çaknyşykda dört gyrgyz serhetçisiniň, ýerli kanunçykaryjynyň we bir raýatyň ýaralanandygyny aýtdy. Gulluk olaryň ikisine ýaragdan ot açylandygyny belledi.

Täjigistanyň Isfara şäherindäki keselhana işgärleriniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, çaknyşyklarda üç täjik raýaty ýaralanypdyr.

1991-nji ýylda Sowet Soýuzy darganyndan soň Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda emele gelen serhet dawalary saklanyp galýar.

Ýanwardan bäri gyrgyz-täjik serhedinde azyndan 10 gezek çaknyşyk boldy.

XS
SM
MD
LG