Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Lager adamlaryň erkini basýar". Öňki tussagyň hekaýasy


Hytaýdan Gazagystana gelen är-aýal Murathan Aýdarhanuly hem Zagi Kurmanbaýkyzy . 2019-njy ýylyň 4-nji dekabry.
Hytaýdan Gazagystana gelen är-aýal Murathan Aýdarhanuly hem Zagi Kurmanbaýkyzy . 2019-njy ýylyň 4-nji dekabry.

Hytaýdan Gazagystana gelen är-aýal Murathan Aýdarhanuly hem Zagi Kurmanbaýkyzy «bir ýylymyzy Sinszýandaky lagerde tussaglykda geçirdik» diýýärler. Olar Azatlyk Radiosyna tussaglykda çeken azaplaryny gürrüň berdiler.

Aýdyşlaryna görä, 57 ýaşly Murathan Aýdarhanuly hem 56 ýaşly Zagi Kurmanbaýkyzy 30 ýyl çemesi Sinszýanda döwlet gullugynda işläpdirler. Olar üç-dört ýyllykda öz çagalary bilen Gazagystana gelýärler, ýöne pensiýa almak üçin, Hytaýyň graždanlygyndan ýüz öwürmändirler.

— 2004-nji ýylda men ilkinji gezek Gazagystana geldim. Sebäbi çagalarymyň ikisi şu ýerde bilim aldy. Gyzym 2006-njy ýylda, oglum bolsa 2010-njy ýylda okuwa başladylar, soňra olar Gazagystanyň raýatlygyny aldylar. Biz çagalarymyz bilen Gazagystana ýygy-ýygy gelýärdik. Aýalym 2014-nji ýylda pensiýa çykansoň, çagalarynyň ýanyna geldi. 30 ýyllyk iş stažym bilen menem pensiýa çykyp, Gazagystana gelmegi karar etdim. Ýöne biz Hytaýyň raýatlygyndan çykmadyk. Biz her 6 aýdan, soňra üç aýdan Hytaýa gidip gelýärdik – diýip, Murathan Aýdarhanuly gürrüň berýär.

«SORAG WAGTYNDA MENI NÄMEDE GÜNÄLEÝÄNDIKLERINI AÝTMADYLAR»

2017-nji ýylda Murathan Sinszýana gidip, öz jaýyny satmak isläpdir, ýöne ol ýerde onuň pasportyny alypdyrlar, özüni bolsa öý tussaglygynda goýupdyrlar.

Ol şeýle gürrüň berýär.

— Men öý tussaglygynda galdym, yzyma adam goýuldy, ol bolsa meni garawullady. Soňra maňa Gazagystanda galan aýalymy çagyrmagy tabşyrdylar. Ol iki agtygyna seredýärdi. «Gelmeli» diýlip talap edilensoň, 2017-nji ýylyň dekabrynda, iki agtygyny ýanyna alyp, aýalym Hytaýa geldi.

Zagi Kurmanbaýkyzy Hytaýa gelen badyna özüniň soraga çekilendigini aýdýar. Ilki öý tussaglygynda saklapdyrlar, soňra lagere ýerleşdiripdirler.

— Menden sorag edýärler, ýöne nämede günäleýänlerini aýdanoklar. Näme üçin serhetden geçenimi soraýarlar. 2018-nji ýylyň 10-njy fewralynda meni lagere ýerleşdirdiler – diýip, Zagi Kurmanbaýkyzy gürrüň berýär.

Aýalyny lagere salanlarynda, Murathan iki agtygy bilen öýde galýar. Soňra ol agtyklaryny «Gazagystana ibermegiň ýoluny tapýar».

— Men Gazagystandaky çagalaryma jaň edip, çagalary serhetde almaklaryny aýtdym. Şeýlelikde, 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda serhetde iki çagany gelnime tabşyryp bildim. Iki günden soň meni-de lagere dykdylar – diýip, Murathan ýatlaýar.

Olardan Gazagystanda näme iş edendiklerini, WhatsApp messenjerini näme maksat bilen ulanandyklaryny sorapdyrlar. Murathan olara WhatsApp ulgamyna düşünmeýändigini, ondan hiç haçan peýdalanmadygyny aýdypdyr.

«HYTAÝ DILINI ÖWRENDIK, KANUNY HEM WASPNAMA AÝDYMLARY ÝAT TUTDUK»

Murathan bilen Zagi lagerde 11 aý bolup, 2018-nji ýylyň 23-nji dekabrynda azatlyga çykypdyrlar. Şondan soňra-da sekiz aýlap, öý tussaglygynda oturypdyrlar.

Hytaýdan bolan asly gazak gyzy Zagi Kurmanbaýkyzy . 2019-njy ýylyň 4-nji dekabry.
Hytaýdan bolan asly gazak gyzy Zagi Kurmanbaýkyzy . 2019-njy ýylyň 4-nji dekabry.

— Lager türmeden tapawutlananok, oňa türmäniň ýeňil görnüşi diýip bilerin. Türmede adamlary jezalandyrýan bolsalar gerek, lagerde bizi urmadylar ýa agyr gynama sezewar etmediler. Ýöne ol ýerde seniň ruhuňy öldürýärler. Bar ýerde wideo gözegçiligi bolup, lager tutuşlygyna berk gözegçilik astynda. Biziň kameramyzda alty aýal boldy. Sorag bermek gadagan, diňe eliňi göterip bilýäň. Günde üç gezek nahar berýärler, ýöne öýdäki ýaly däl. Adamymy görenimde, hamana, ony tanamaýandan boldum. Olam maňa tarap seretmedi. Eger bir gapdala seretseň, garawullar gygyryp başlaýarlar – diýip, Zagi Kurmanbaýkyzy gürrüň berýär.

Murathan Aýdarhanuly boýy 4; ini 3 metrlik (12 kw.m) kamerada 7-8 adamyň saklanandygyny aýdýar.

— Biz iki gatly krowatda ýatýardyk. Bize iki sany plastiki okara bilen iki çemçe berdiler. Bir okaradan suw içýärdik, beýlekisinden nahar iýýärdik. Ol gaplary goýara ýer bolmansoň, düşegimiziň aşagynda saklaýardyk. Bir burçda hajathana ornuna goýlan bedre dur. Hajathana günde iki gezek äkidýärler. Demir gapynyň iki deşigi bolup, aşakdakydan nahar berýärler, ýokardakydan bolsa içerä howa girýär – diýip, Murathan ýatlaýar.

Olaryň aýdyşyna görä, lagerde hytaý dilini öwrenipdirler, kanuny, hökümeti öwýän, partiýa alkyş aýdymlary ýat tutupdyrlar.

— Men Hytaýda 30 ýyllap işledim, 120 hytaýlynyň arasynda bir gazak gyzydym. Men hytaý dilini olardan gowy bolmasa, ýaramaz bilemok. Men hytaý dilini-de, onuň hatyny-da oňat özleşdirýän. Bize olaryň dil öwretjek bolmagy diňe bir bahanady – diýip, Zagi aýdýar.

— Okuw geçýän otaglar demir gözenek bilen bölünipdir. Mugallym gözenegiň aňyrsynda, şeýdip okadyk. Mugallymyň ýanynda eli dürreli birnäçe adam durýardy. Lagerde 21 ýaşdan, 90 ýaş aralygyndaky adamlar saklanýar – diýip, Murathan gürrüň berýär.

Lagerde bolanlara Hytaýyň içindäki hossarlaryna bir aýyň dowamynda birnäçe gezek jaň etmek mümkinçiligi hem käte hossary bilen görüşmäge rugsat berlipdir.

Hytaýdan bolan asly gazak Murathan Aýdarhanuly . 2019-njy ýylyň 4-nji dekabry.
Hytaýdan bolan asly gazak Murathan Aýdarhanuly . 2019-njy ýylyň 4-nji dekabry.

— Hossaryň bilen telefonda gürleşmezden öňürti aýtjak zatlaryňy oňatja oýlanmagyň gerek, soň olara zyýan ýetmez ýaly – diýip, Murathan aýdýar.

Olara merkezde okuw geçendigi üçin diplom beripdirler, soňra bolsa hiç zat düşündirmezden, olaryň elindäki diplomy alypdyrlar. Olaryň sözüne görä, lager adamyň erkini basyp ýatyrýar.

— Ol ýerde bar adamyň ruhy basyk, biz muny açyk duýup bilýärdik. Biz tiz öýkeleýärdik hem tiz-de ony unudýardyk. Indi biziň üýtgäp duran ruhy ahwalymyzdan çagalarymyz kösenýär – diýip, Murathan aýdýar.

Zagi bolsa hiç bir sebäpsiz aglaýandygyny aýdýar. «Biz ol lagerden, ine, şu derdi aldyk» diýip, ene gözýaşyny saklap bilmeýär.

2019-njy ýylyň fewralynda är-aýal Murathan Aýdarhanuly hem Zagi Kurmanbaýkyzy Gazagystana dolanypdyrlar. “Gyzymyz arza ýazyp, biziň Gazagystana dolanmagymyzy gazandy” diýip, olar aýdýarlar.

Häzir olar dört agtygy, gyzy hem giýewi bilen bilelikde, Nur-Sultanyň golaýyndaky Kosşy obasynda ýaşaýarlar. Indi olaryň ikisi-de Gazagystanyň raýaty.

SINSZÝANDAKY LAGER BARADA

Sinszýandaky etniki azlyklaryň gysylyşy hem olaryň köpçülikleýin ýagdaýda lagere dykylyşy baradaky maglumatlar 2017-nji ýylyň aprelinden aýan bolup başlady. Owal başda Pekin beýle lageriň bardygyny ret etdi, soňra bolsa ol lageri «professional kämilligi ösdürýän merkez, ol terrorizme hem ekstremizme garşy göreş üçin döredildi» diýdi. Geçen ýylda BMG Sinszýandaky lagerlerde bir milliona golaý uýgurlar, gazaklar hem beýleki musulmanlar saklanýan bolmaly» diýip, beýanat ýaýratdy.

Hytaýyň Sinszýan sebitinde, hytaý hökümetleri tarapyndan «professional kämilligi ösdürmek merkezi» diýilýän jaýlaryň biri. Ony hukuk goraýjylar hem halkara guramalary mejbury çäre görülýän lager hökmünde häsiýetlendirýärler. Hotan. 2018-nji ýylyň 7-nji sentýabry.
Hytaýyň Sinszýan sebitinde, hytaý hökümetleri tarapyndan «professional kämilligi ösdürmek merkezi» diýilýän jaýlaryň biri. Ony hukuk goraýjylar hem halkara guramalary mejbury çäre görülýän lager hökmünde häsiýetlendirýärler. Hotan. 2018-nji ýylyň 7-nji sentýabry.

Geçen ýylyň dowamynda Alamtynyň hem Nur-Sultanyň ýaşaýjylary birnäçe duşuşyk geçirip, öz ýakynlarynyň Sinszýanda tussaglykda saklanýandygyny aýdyp, Gazagystanyň hökümetinden ýardam soradylar. Resmi Nur-Sultan Sinszýandaky ýagdaý barada öz garaýşyny mälim etmän gelýär. Ýöne Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew golaýda german telewideniýesi Deutsche Welle beren interwýusynda: «Sinszýandaky täzeden terbiýeleýiş lagerinde az sanly gazagyň saklanýan bolmagy mümkin» diýdi.

Sinszýandaky gazaklaryň meselesini galdyrýan aktiwistler hem beýleki ýaşaýjylar öz hossarlarynyň «Sinszýanda türmede saklanýandygyny» aýdyp, prezidentiň sözüni ýalana çykarýarlar. Ýurduň ýaşaýjysy Karakat Abdeş 6-njy dekabrda bir özi protest geçirip, Tokaýew bilen duşuşmagy talap etdi. Ol aýal öz adamsynyň, gaýyn atasynyň hem iki doganynyň Sinszýanda gabawda saklanýandygyny aýtdy.

Daşary işler ministrligi bolsa Hytaýdaky gazaklar meselesiniň diplomatik ýollar arkaly çözülýändigini birnäçe gezek aýtdy.

Gazaklar öz hossarlarynyň suratyny görkezip, olaryň Hytaýda türmede saklanýandygyny aýdýarlar. Alamty 2018-nji ýylyň 12-nji sentýabry.
Gazaklar öz hossarlarynyň suratyny görkezip, olaryň Hytaýda türmede saklanýandygyny aýdýarlar. Alamty 2018-nji ýylyň 12-nji sentýabry.

24-nji noýabrda žurnalist-derňewçileriň Halkara konsorsiumy (ICIJ) tarapyndan, çap edilen esasy gizlin bolan dokumentlerden mälim bolşuna görä, Hytaý hökümeti Sinszýandaky etniki azlykdaky milletleriň durmuşynyň ähli ugurlaryny berk gözegçilik astynda saklaýar. Žurnalist- derňewçileriň eline gowşan dokumentlerde, «adamlary syýasy taýdan täzeden terbiýeleýän lageri» dolandyrmagyň görkezmeleri bar.

«Gizlin» möhüri goýlan dokumentlerde, «lagerden hiç kim gaçmaly däl, şonuň üçinem tussaglara garşy gije-gündiz wideogözegçiligi alyp barmaly» diýilýär. «Olara ukuda ýatanda, okuw geçýärkäler, hatda nahar iýenlerinde hem gözegçilik etmek hökman. Iň esasy talap hytaý dili bolmaly» diýlip, dokumentde aýdylýar.

16-njy noýabrda amerikan gazeti New York Times ol dokumentleriň nusgasyny çap edip, onuň hytaý hökümetine degişli bolmagynyň mümkindigini aýtdy. Dokumentde aýdylyşyna görä, musulmanlar ýaşaýan sebitlerde yzygiderli barlagyň geçirilip durmagynyň möhümdigi aýdylýar. Eger hossary şol lagere düşüp, resmilere ýüz tutýan student bolsa, ol Hytaýyň özünde ýa-da daşary ýurtda okaýandygyna garamazdan, çinownikleriň näme iş etmelidikleri barada takyk görkezme berilýär. Görkezmede aýdylyşyna görä, «Meniň maşgalam nirede?» diýen soraga çinownik «olar hökümet tarapyndan döredilen okuw merkezinde» diýip jogap gaýtarmaly. Instruksiýa laýyklykda: «Okuw merkezindäki sapaklar berk gözegçilik esasynda geçýär, olar şol sapagy özleşdirýänçä, ol ýerden çykmaly däl. Eger siziň hossaryňyz islese, biz siz bilen wideo aragatnaşyk gurnap bileris» diýip, çinownik hossaryny sorap gelene jogap gaýtarmaly.

Hytaý hökümeti köpçülige aýan edilen ol dokumente «toslanyp tapylan» hem «ýalan» diýdi.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG