Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistanda raýatlyk baradaky täze kanuna garşy protest geçirýän ýüzlerçe adam tussag edildi


Hindistanda raýatlyk baradaky täze kanuna garşy protest geçirýän adamlar. 18-nji dekabr, 2019 ý.
Hindistanda raýatlyk baradaky täze kanuna garşy protest geçirýän adamlar. 18-nji dekabr, 2019 ý.

Hindistanda raýatlyk baradaky dawaly täze kanun boýunça gahar-gazap artýan mahaly, hindi polisiýasy protest gadagançylyklaryny äsgermeýän adamlaryň ýüzlerçesini tussag etdi.

Hindistanyň ençeme sebitinde, şol sanda paýtagt Nýu-Deliniň we Uttar Pradeş ştatynyň çäklerinde demonstrasiýalary geçirmek gadagan edildi.

Nýu-Deliniň käbir böleklerinde mobil hyzmatlary wagtlaýyn kesildi diýlip, habarlarda aýdylýar.

Hindistanyň günortasyndaky Bangalor şäherinde tussag edilenleriň arasynda tanymal taryhçy we premýer-ministr Narendra Modiniň hökümetiniň aç-açan tankytçysy Ramaçandra Guha hem bar.

Gürrüňi edilýän kanun Owganystan, Bangladeş we Pakistan ýaly ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat ýurtlardan bolan musulman däl adamlara hindi raýatlygyny almak düzgünlerini çaltlandyrýar.

Dünýäniň birnäçe ýurdy, şol sanda Britaniýa, Kanada we Birleşen Ştatlar Hindistanyň demirgazyk-günbataryna sapar etjek raýatlar üçin syýahatçylyk duýduryşyny ýaýratdy.

XS
SM
MD
LG