Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Facebook häkimiýet başyndaky Gürji Arzuwy partiýasynyň hasaplar toplumyny öçürdi


Facebook interfeýsi
Facebook interfeýsi

Facebook Gürji Arzuwy partiýasynyň, öz syýasatyny mahabatlandyrandygy we oppozisiýany tankyt edendigi üçin, sosial mediadaky hasaplarynyň toplumuny öçürendigini aýtdy.

Düýbi ABŞ-da ýerleşýän kompaniýanyň 20-nji dekabrda beren maglumatyna görä, ol Gürjüstandaky 39 Facebook hasabyny, 344 sahypany, 13 topary we 22 Instagram hasabyny öçüripdir.

Facebook bu hasaplaryň habar guramalary, syýasy partiýalar, aktiwist toparlary hökmünde hasaba alnandyklaryny, aslynda bolsa, olarda ýerli meseleler, şol sanda saýlawlar, hökümetiň syýasaty, “oppozisiýa we ýerli aktiwist toparlaryna edilýän tankytlar” barada maglumatlaryň çap edilendigini aýtdy.

Facebook hasaplaryň haçandan bäri hereket edendigi barada maglumat bermedi.

Kompaniýa gürrüňi gidýän hasaplar toplumynyň arkasynda duranlaryň öz şahsyýetlerini we ýerleşýän ýerlerini gizlinlikde saklandyklaryny hem belledi.

XS
SM
MD
LG