Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minskde ýüzlerçe adam Russiýa bilen has kän garylyp-gatylmak planlaryna garşy ýörişe çykdy


20-nji dekabrda 1 müň 600 töweregi adam Minskiň Oktýabr Meýdançasyndan Garaşsyzlyk meýdançasyna tarap ýöriş geçirdi.
20-nji dekabrda 1 müň 600 töweregi adam Minskiň Oktýabr Meýdançasyndan Garaşsyzlyk meýdançasyna tarap ýöriş geçirdi.

Belarusyň paýtagtynda ýüzlerçe protestçi Russiýa bilen mundan aňryk hem garylyp-gatylmak planlaryna garşy soňky birnäçe günüň dowamynda ikinji gezek demonstrasiýa çykdy.

20-nji dekabrda 1 müň 600 töweregi adam Minskiň Oktýabr Meýdançasyndan Garaşsyzlyk meýdançasyna tarap ýöriş geçirdi.

Protestçileriň köpüsi ilkinji garaşsyz Belarus döwletiniň gadagan edilen gyzyl çyzykly baýdagyny göterse, beýlekileri şäheriň içinde edilen ýöriş wagtynda ÝB baýdagyny göterdi.

Demonstrantlar “Garaşsyzlyk!” we “Uzak ýaşa Belarus!” diýen şygarlary hem gygyrdylar.

Bu demonstrasiýalar Russiýanyň we Belarusyň liderleriniň iki ýurduň arasyndaky meseleleri maslahatlaşmak üçin 20-nji dekabra Sankt-Peterburgda geçiren duşuşygyna gabatlanyp, Moskwanyň mundan aňryk hem integrirlenmek baradaky basyşlaryny artdyrmagynyň arasynda gurnaldy.

Mundan öň, Wladimir Putin we Aleksandr Lukaşenka, iki ýurduň arasyndaky bileleşik şertnamasyny maslahatlaşmak üçin, 7-nji dekabrda Soçi şäherinde hem gepleşik geçiripdiler. Şonda belarus aktiwistleri tertip iki gün proteste çykypdylar.

XS
SM
MD
LG