Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşa bilen Russiýanyň arasynda Ikinji Jahan urşy barada söz urşy güýçlendi


1939-njy ýylda Polşanyň basylyp alynmagynyň yzýany, nemes we Gyzyl goşunyň esgerleri Brestde geçirilen parada gatnaşýar.
1939-njy ýylda Polşanyň basylyp alynmagynyň yzýany, nemes we Gyzyl goşunyň esgerleri Brestde geçirilen parada gatnaşýar.

Polşa bilen Russiýanyň arasynda Ikinji Jahan urşunyň başlamagyna kimiň jogapkärdigi baradaky söz urşy güýçlendi. Olaryň ikisi hem biri-birini taryhy ýoýmakda aýyplaýar.

Polşanyň Daşary işler ministrligi özüniň 21-nji dekabrda ýaýradan beýanatynda “biz Russiýa Federasiýasynyň wekilleriniň, şol sanda prezident Wladimir Putiniň Ikinji Jahan urşunyň başlamagy we barşy barada ýagdaýlary ýoýýan beýanatlaryny aladalylyk we ynamsyzlyk bilen garşy aldyk” diýilýär.

Warşawa Moskwany “stalinist propaganda täzeden başlamakda” we öňki liderler Mihail Gorbaçew hem-de Boris Ýeltsin tarapyndan başladylan ýaraşyk tagallalaryna “zeper ýetirmekde” aýyplady.

22-nji dekabrda Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki TASS habar agentligi ýurduň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Maria Zaharowa salgylanyp, “agressiw ritorikalar we faşizme garşy söweşenleriň monumentlerini ýumurmak arkaly”, Warşawanyň gatnaşyklara “zyýan ýetirendigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG