Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fergananyň häkimi protestler barada ýazan blogeriň "jynazasynyň okalmagyny" isleýär


Fergana welaýatynyň häkimi Şuhrat Ganiýew.
Fergana welaýatynyň häkimi Şuhrat Ganiýew.

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna Fergana welaýatynyň häkimi Şuhrat Ganiýewiň haýbatly sesi gelip gowuşdy, onda Fergananyň Kuwa raýonynda elektrigiň hem gazyň ýokdugy sebäpli närazylyk bildiren adamlaryň ýazgysyny ýaýradan blogere haýbat atylýar.

Ses ýazgyda Fergana welaýatynyň häkimi Şuhrat Ganiýewiň sesi eşidilip, ol sebitde elektrigiň hem gazyň ýetmezçiligi, aýratyn-da Kuwa raýonyndaky ýüze çykan ýagdaý barada mesele gozgaýar.


Ol raýon ýolbaşçysy Rawşan Gurbanowa ýüzlenip, “protestler barada ýazan blogeriň jynazasyny çinownikler haçan okajaklar?” diýip soraýar.

Rawşan Gurbanow blogere garşy degişli çäräniň görlendigini aýdýar, ýöne Şuhrat Ganiýew ony ýene birneme gysyp, «bu işi jynaza namazyna ýetirmegi» tabşyrýar.

Azatlyk Radiosy dekabr aýynyň başlarynda Fergana welaýatynyň Kuwa raýonynda gazyň hem elektrigiň ýokdugyndan närazy bolan ilatyň köçä çykyp, uly ýoly baglandygyny habar beripdi. Ol protestleri görenleriň sosial ulgamda aýtmaklaryna görä, netijede ýolda awtoulaglaryň dyknyşygy emele gelipdir. Şonda ýerli ilat welaýatyň häkimi bilen duşuşmagy talap edipdi.

Azatlygyň saýtynda häkim Ganiýewiň şol ýazgyny goýan blogeriň adyna gönükdiren haýbatly sesi peýda bolansoň, Özbegistanyň Ýokary mejlisiniň deputaty Rasul Kuşerbaýew prokuraturadan, häkimiň işi bilen gyzyklanmagy sorady. Kuşerbaýew bolan ýagdaýa prokuratura hakyky baha bermeli diýdi.

Fergana welaýatynyň häkimi Şuhrat Ganiýewiň häli-şindi dawaly işleriň merkezinde durýandygyny bellemek gerek.

Şu ýylyň sentýabr aýynda ol öz garamagyndakylara sakgal goýberen adamlara hem hyjaply aýallara garşy çärelere başlamaga buýruk beripdi.

Fergananyň häkiminiň özüni alyp barşy hem hereketleri hakda, Özbegistanyň Senatynyň komissiýasynyň maslahaty başlanypdy. Senatyň Reglament we edep komissiýasynda häkim öz günäsini boýun aldy. Netijede, oňa berk duýduryş hem üç aýlyk synag möhleti berildi. Ol möhlet dekabryň aýagynda tamamlanmaly.


Şu ýylyň 2-nji awgustynda prezident Şawkat Mirziýaýew Ganiýerwiň Riştan raýonynda ilatyň ýaşaýyş jaýlaryny köp ýykdyrandygy üçin, bu hereketi tankytlady hem «onuň bilen uly işleri amala aşyrmak mümkin däl» diýdi.

Şol tankytdan soň Ganiýew Riştan raýonyna baryp, jaýlary bikanun ýykylan ilatynyň öňünde ötünç sorady.

Ýöne az wagt geçip-geçmän, Garaşsyzlyk baýramçylygy gününde, agzy hapa häkimi prezident Şawkat Mirziýaýew «Zähmet şöhraty» ordeni bilen sylaglady.

Material AÝ/AR-nyň Özbek gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG