Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň Yslam akademiýasynda kime bilim berjekler


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Gyrgyzystanda Yslam akademiýasy açylýar.

Yslam akademiýasyny döretmekden maksat ýolbaşçy gullukçylaryň jemgyýetdäki dürli dini akymlardan baş çykarmagyny gazanmakdan, ýolbaşçylaryň häzirki zaman dini düşünjesini ösdürmekden ybarat boljakdygyny Bilim we ylym ministrligi öňe sürdi. Ýöne soňra ol pikir üýtgedildi.

Ministrligiň gözegçiliginde

Hökümetleriň başda göz öňünde tutan pikirine görä, Yslam akademiýasy açylandan soň, onuň diňleýjileri döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, ýerlerdäki häkimler hem oba arçynlary bolmalydy. Ol ýolbaşçylar yslamyň iň möhüm kada-kanunlary, musulmançylyk ahlagy bolan rehimdarlyk, sabyr-kanagatlylyk, ýagşylyk hem mähribanlyk barada maglumat almalydylar. Onuň diňleýjileri meýletin boljaklarmy ýa-da hökmany; ol entek belli däldi.

Bu edaranyň ýolbaşçysy Kanybek Iskowyň prezidentiň resmi saýtynda habar bermegine görä, munuň üçin aýratyn teologlar taýýarlanypdyr.

Kanybek Isakow.
Kanybek Isakow.

– Meselem, Tatarystanda (Russiýa) Yslamyň dünýewi akademiýasy işleýär. Ol ýerdäki bilim pudagy häzirki zaman ylmy hem dini taglymatyň bitewiliginde düzülipdir. Yslam akademiýasynyň bilim derejesi döwlet bilim pudagynyň ülňülerine doly laýyk gelýär, mundan daşary-da teologlar tarapyndan taýýarlanan goşmaga sapaklar berilýär. Bu işleriň barysy jemgyýetde özara düşünişmegi hem parahatçylygy saklamagyň hatyrasyna edilýär – diýip, Kanybek Isakow aýdýar.

Ýatlatsak, owal başda ol akademiýada döwlet organlarynyň ýokary gullukçylarynyň hem ýerli öz-özüni dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylarynyň okadyljakdygy aýdyldy. Ol habaryň prezident saýtyndaky keşde asyl nusgasy saklanyp galypdyr.

Ol maglumatyň keşde saklanan asyl nusgasy.
Ol maglumatyň keşde saklanan asyl nusgasy.

Ýöne bir gün geçenden soň, resmi saýtda döwlet ýolbaşçylary däl-de, «din işgärleriniň» okadyljakdygy habar berildi.

Ol maglumatyň düzedilen görnüşi.
Ol maglumatyň düzedilen görnüşi.

Kanybek Isakow akademiýanyň ministrligiň gözegçiliginde işlejekdigini aýtsa-da, täze okuw jaýynyň bilim derejesini aýan etmedi. Şeýle-de, onuň nähili maliýeleşdiriljekdigi barada maglumat ýok. Muňa derek Birleşen Arap Emirliklerindäki Şeýh Muhammad Zaýed adyndaky fond bilen akademiýany açmak barada ylalaşygyň bolandygy hakda habar bar. Internetde berilýän maglumata görä, aýdylýan fond mundan öň Çeçenistanda (Russiýa) işewür kärhanalary goldamak proýekti bilen işleşipdir.

Bilim we ylym ministrliginiň wekili Dinara Bektaşewa akademiýanyň zeruryýeti üçin, Tokmak şäheriniň golaýyndan, 1,5 ga. ýer bölünip beriljekdigini aýtdy. Onuň sözüne görä, öňki tassyklanan proýekte laýyklykda, täze guruljak dini okuw jaýy takmynan üç ugur boýunça iş alyp barar; akademiýada okuwlar geçiriler, magistratura hem teologiýa boýunça ylmy-derňew instituty bolar. Şol wagtyň özünde, ol okuw jaýynda döwletiň resmi gullukçy ýolbaşçylarynyň okadyljakdygy barada özünde maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

– Häzir bizde beýle maglumat ýok. Ol barada maslahat geçirilmedi. Akademiýanyň statusynyň üýtgemegi mümkin – diýdi.

Konstitusiýa laýyk gelmezlik

Yslam akademiýasyny döretmek ideýasy prezident Sooronbaý Žeenbekow tarapyndan öňe sürüldi. Geçen ýylyň 15-nji noýabrynda Bişkekde geçen «Yslam häzirki zaman dünýewi döwletinde» atly halkara konferensiýasynda, ol Gyrgyzystanda döwlet tarapyndan kontrollyk edilmeli yslam akademiýasyny döretmegi teklip edipdi.

Şol wagtda birnäçe bilermenler Gyrgyzystan Respublikasynyň Konstitusiýasynyň «din we ähli medeniýetler döwletden aýrydyr» diýen 7-nji maddasyny ýatladylar. Şonda beýle akademiýany döretmek ýurduň Baş kanunyna laýyk gelýärmi diýen sorag döredi.

Synçylaryň aýtmagyna görä, soňky 5-10 ýyllykda gyrgyz jemgyýetinde yslamlaşma güýçli depgin bilen barýar. Munuň esasynda dürli barlyşyksyz toparlar öz ideologiýasyny işjeň ýaýradýarlar.

Jemgyýetçilik wekili hem pedagog Umut Kultaçewa yslamyň esasy ugurlarynyň döwlet hem ýerli ýolbaşçylara öwredilmegini dogry tapýar. Ýöne ol okuwyň daawat - ündew görnüşinde bolmaly däldigini belleýär.

– Dini wagyz etmek gerek däl. Hemmeler dini deň kabul etmeýär, bu aýratynam dürli barlyşyksyz ugurlara baş goşýan ýaşlara degişli. Eger leksiýalar nusgawy yslam barada bolup, ylmy esasda öwredilse, ony geçirmek mümkin – diýip, pedagog aýdýar.

Işenbaý Kadyrbekow.
Işenbaý Kadyrbekow.

Jemgyýetçilik aktiwisti Işenbaý Kadyrbekow bolsa döwlet gullukçylaryny haýsydyr bir dini ynanja çagyrmak – döwlet işine goşulyşmak bolýandygyny öňe sürýär. Onuň pikiriçe «döwleti dolandyryş işine hem dini meselelere aýratyn seresaply çemeleşmek gerek».

– Esasy mesele çözülen, biz dünýewi döwlet bolup durýarys, ýagny din döwlet işine garyşmaly däl. Şeýle bolsa döwlet gullukçylaryna dini temadan leksiýa okamak gadagan. Bu Konstitusiýanyň talapy. Hawa, dünýewi döwletiň kadalaryny ýerbe-ýer etmek – tertibe salmak gerek diýýän garaýyşlar bar, ýöne her kim öz saýlan ýolundan gitmeli. Din döwletden aýry, döwletem din işine goşulyşmaly däl. Ýurdy dolandyrýan adamyň muny bilmegi gerek – diýip, I. Kadyrbekow belleýär.

Gyrgyzystanda din bilen döwlet syýasatynyň baglanyşygyny hem bu ugurdaky edilmeli işleri Din baradaky döwlet agentligi amala aşyrmaly. Ýurtda din işleriniň guramaçylygy hem dini okuw jaýlary meselesini Prezidentiň ýanyndaky şol edara alyp barmaly.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG