Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jonson: “Men ýalňyşypdyryn” – Russiýa bilen gatnaşyklary täzelemek mümkin däl


Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson
Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson

Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson Russiýa babatynda “ýalňyşandygyny”, şeýle-de köp sanly meseleler boýunça ylalaşmazlyklaryň fonunda Moskwa bilen gatnaşyklary “täzeläp” bolmajakdygyna ynanýandygyny aýtdy.

Jonson bu barada British Spectator žurnalyna beren interwýusynda belledi.

Žurnalistiň “Siz öz pikiriňizi haçan üýtgetdiňiz?” diýen soragyna, Jonson: “Meniň pikirimçe köp ýurduň daşary işler sekretarlary we premýer-ministrleri Russiýa bilen gatnaşyklary ýaňadandan başladyp boljakdygyna ynandylar. Biz bu beýik ýurt bilen faşizme garşy göreşipdik” diýip, jogap berdi.

“Men bu babatynda ýalňyşanyma juda we juda gynanýaryn” diýip, 2016-2018-nji ýyllar aralygynda Britaniýanyň daşary gatnaşyklar boýunça sekretary hem bolan Jonson belledi.

Mundan öň, 21-nji dekabrda Jonson Estoniýa eden saparynyň çäklerinde Russiýa bilen gatnaşyklaryň gowulandyrylmagyna umyt bildiripdi. Şol bir wagtda, ol iki ýurdy bölýän “aýylganç meseleleriň” bardygyny hem sözüne goşupdy.

XS
SM
MD
LG