Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Erdogan, rus duýduryşyna garamazdan, Liwiýa türk goşunlaryny iberýär


Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan
Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan

Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan öz ýurdunyň, Tripoliniň talaby boýunça, Liwiýa mümkin boldugyça tiz, ýanwarda goşun iberýändigini aýdýar.

Bu çäre türk esgerleriniň Kreml bilen iltewlidigi aýdylýan we gowga gaplanan Demirgazyk Afrika ýurdunda söweşýär diýilýän hakyna tutulan söweşijiler bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna getirip biler.

Tripolide bir resmi 26-njy dekabrda Ankara türk harbylarynyň howa, gury ýer we deňiz güýçleriniň goldawyny ibermegi üçin resmi haýyşyň edilendigini tassyk etdi.

Liwiýanyň BMG tarapyndan ykrar edilen Milli ylalaşyk hökümeti Tripolide general Halifa Haftaryň gündogarda ýerleşen Liwiýa milli goşunyna garşy durup, häkimiýetde saklanmaga çalyşýar. Aýdylmagyna görä, Haftaryň goşuny Orsýet, Hytaý, Müsür, Birleşen Arap Emirlikleri we Iordaniýa tarapyndan goldanylýar.

Milli ylalaşyk hökümeti 2016-njy ýylda, uzak ýyllyk diktator Muammar Kaddafi 2011-nji ýylda NATO güýçleriniň goldan gozgalaňy netijesinde häkimiýetden agdarylandan soň dörän baş-başdaklyk içinde, BMG-niň araçylygynda guruldy.

Moskwa Türkiýäniň Liwiýa goşun ýerleşdirmegine garşy duýduryş berdi, emma Erdogan rus tankydyny ret etdi.

XS
SM
MD
LG