Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus ozalky ministr Zaharankanyň ýitirim bolmagyny gaýtadan derňemäge başlaýar


Ozalky içeri işler ministri Ýuriý Zaharankanyň ýatlama çäresinde goýlan suraty
Ozalky içeri işler ministri Ýuriý Zaharankanyň ýatlama çäresinde goýlan suraty

Belarusyň derňew komiteti, gizlin polisiýa birikmesiniň agzasy 20 ýyl ozal onuň alnyp gaçylmagy we öldürilmegi diýilýäne dahyllydygyny aýdandan soň,ozalky içeri işler ministri Ýuriý Zaharankanyň ýitirim bolmagy bilen bagly jeneýat işiniň derňewini gaýtadan açýar.

Belarusly adam hukuklary aktiwisti Aleh Vouchak 25-nji dekabrda AÝ/AR-nyň Belarus gullugyna derňew komitetiniň bu jenaýat işini “Deutsche Welle” 16-njy dekabrda Ýuriý Harauski bilen söhbetdeşligi çap edeninden iki gün soň gaýtadan açandygyny gürrüň berdi.

Harauski 1999-njy ýylda Içeri işler ministrliginiň ýörite birikmesinde gulluk edipdir, bu birikmäniň prezident Aleksandr Lukaşenkonyň syýasy garşydaşlaryny alyp gaçandygy we öldürendigi aýdylýar.

Lukaşanko golaýda adamlaryň ýitirim bolmagynda resmi gatnaşygyň bolandygyny inkär etdi we tapylmaýan adamlaryň syýasatçy däldigini, şu sebäpden olary hiç kimiň öldürmekçi bolmandygyny öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG