Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Helmand welaýtynda 10 owgan esgeri öldürildi


 Welaýat häkiminiň sözçüsi Omar Zawak
Welaýat häkiminiň sözçüsi Omar Zawak

Günortadaky Helmand welaýatynda harby baza hüjüm eden talyban hüjümçileri 10 owgan esgerini öldürdiler diýip, resmiler 28-nji dekabrda aýtdylar.

27-nji dekabr güni giçlikilki goşunyň barlag nokadynda güýçli partlama boldy, soňra sagatlap dowam eden ýaragly çaknyşyk turdy diýip, welaýat sözçüsi Omar Zawak aýtdy. Şeýle-de ol hüjüm wagtynda dört esgeriň ýaraly bolandygyny sözüne goşdy.

“Talybanyň” sözçüsi Kari Yusouf Ahmadi bu hüjümi öz toparynyň amala aşyrandygyny we ok-ýaraglary ele geçirendigini aýtdy.

“Talyban” soňky günlerde dürli welaýatlardaky owgan goşun bazalaryna we barlag nokatlaryna edýän hüjümlerini ýygjamlatdy.

Geçen hepde demirgazykdaky Balh welaýatynda janyndan geçen bombaçy goşun howlusynyň daşynda partlaýjydan doly maşynyny partladanda alty owgan esgeri öldi.

Şondan soň jeňçiler howla zabt etdiler. “Talyban” bu hüjümiň jogapkärçiligini hem öz üstüne aldy.

Birinji gün demirgazykdaky Gunduz welaýatynda bolan söweşde bir amerikan esgeri öldürildi.

XS
SM
MD
LG