Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina, Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistler tussaglary çalyşdylar


Ylalaşyk esasynda çalşylan ukrain raýatlary
Ylalaşyk esasynda çalşylan ukrain raýatlary

Ukrain resmileri we Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistler 29-njy dekabrda Ukrainanyň gündogaryndaky Donetsk regionynyň Horliwka obasynyň golaýynda tussaglary çalyşdylar.

Kiýewiň aeroportynda azat edilenleri garşylamak üçin Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý we tussaglaryň ýakynlary toplandylar.

Maglumata görä, umumy hasapda 200 töweregi tussag çalşylypdyr.

“Tussaglary özara çalyşmak tamamlandy. Biziň 76 raýatymyz Ukrainanyň kontrollygyndaky sebitlerde howpsuz ýagdaýda. Jikme-jikler soňra” diýip, ukrain prezidentiniň edarasy Twitterde ýazgy galdyrdy.

Ukrainanyň Howpsuzlyk we Goranyş Geňeşiniň maslahatçysy Serhiý Siwohanyň sözlerine görä, ylalaşygyň çäklerinde 76 ukrain raýaty yzyna dolanypdyr, şeýle-de 127 tussag garşy tarapa gowşurylypdyr.

Ukrainanyň yzyna alan raýatlarynyň arasynda 12 harby, şeýle-de 64 raýat wekili, şol sanda Azatlyk Radiosynyň iki žurnalisti hem bar.

XS
SM
MD
LG