Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Yrakda we Siriýada Eýran bilen ilteşikli ýarym-harby toparyna howa zarbasyny urdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

ABŞ 29-njy dekabrda Yrakda we Siriýada Eýran tarapyndan goldanylýan şaýylaryň ýarym-harby toparynyň bäş nyşanasyna garşy “goranyş dürs zarbalaryny” amala aşyrandygyny mälim etdi.

Pentagon Yrakda üç, Siriýada hem iki nyşana zarba urlandygyny aýtdy.

Yragyň harby we howpsuzlyk çeşmeleriniň maglumatyna görä, ABŞ-nyň 29-njy dekabrdaky zarbalarynda azyndan 18 ýarym-harby söweşiji öldürilipdir, 50-den gowragy hem ýaralanypdyr. Bu barada Reuters habar berýär.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Mark Esper F-15 Bürgüt uçarlarynyň “Kataeb Hizbbullaha degişli dolandyryş we gözegçilik desgalaryna, şeýle-de ýarag ammarlaryna” zarbalary urandygyny aýtdy.

Ol “zarbalaryň şowly” bolandygyny, eger-de “zerurlyk ýüze çyksa” goşmaça urgularyň hem amala aşyrylyp bilinjekdigini aýtdy.

ABŞ-nyň goranmak sekretarynyň kömekçisi Jonathan Hoffmanyň beýanatynda bellenilşi ýaly, “zarbalar Kataeb Hizbbullahyň OIR koalisiýa güýçlerine garşy geljekki hüjümleriniň öňüni alar”.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo: “Biz amerikan erkeklerine we aýallaryna howp abandyryp biljek Eýran Yslam Respublikasynyň hereketlerine çydam etmeris” diýdi.

XS
SM
MD
LG