Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrakda ýarym-harby topar ABŞ-nyň Bagdaddaky ilçihanasyndan çekildi


ABŞ-nyň Bagdaddaky ilçihanasynyň daşynda geçirilen protestler. 1-nji ýanwar, 2020 ý.
ABŞ-nyň Bagdaddaky ilçihanasynyň daşynda geçirilen protestler. 1-nji ýanwar, 2020 ý.

Yrakda Eýranyň tarapynda çykyş edýän ýarym-harby topar ABŞ-nyň Bagdaddaky ilçihanasynyň daşyndan yza çekildi. Bu barada Yragyň harbylary 1-nji ýanwarda maglumat berdiler.

Mundan bir gün öň, mähelle ilçihana hüjüm edipdi.

Esasan şaýy milisiýa wekillerinden düzülen ýarym-harby topar, ABŞ-nyň geçen hepde Yrakdaky amala aşyran howa zarbalaryna jogap edip, Birleşen Ştatlaryň ilçihanasynyň golaýynda gahar-gazaply protestleri gurnapdy.

31-nji dekabrda mähelle tekerleri hem otlap, ilçihananyň daşky perimitrine golaýdy. Emma, olar esasy bina girmekden saklandylar. Olaryň köpüsinde Eýran tarapyndan goldanylýan ýarym-harby toparyň baýdaklary bardy.

ABŞ-nyň esgerleri ilçihanany goramak maksady bilen, gazaba münen mähelläni dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazy ulandy.

XS
SM
MD
LG