Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktiwist: Krymda ukrain, krym-tatar dillerini öwretmek çäklendirilýär


Eskender Bariýew
Eskender Bariýew

Ukrainanyň Russiýa tarapyndan okupirlenen Krym ýarymadasynda saklanyp galan ýeke-täk ukrain mekdebinde gündogar slaw dilinde bilim berilmeýär diýip, Krym Tatarlarynyň Merkeziniň başlygy Eskender Bariýew 1-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

2014-nji ýylda rus prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainanyň territoriýasyny basyp almak barada buýruk bermezinden öň, Krymda ukrain dilinde bilim berýän ýedi mekdep bardy.

“Kagyz ýüzünde, anneksiýadan bäş ýyl soň, Krymyň Feodosiýa şäherinde ýeke-täk ukrain mekdebi hasaba alyndy. Emma, ýerliler ol ýerde ukrainça sapak geçilmeýändigini aýdýarlar” diýip, Bariýew belledi.

Bariýew anneksiýadan bäri sebitdäki 16 sany krym-tatar mekdebiniň hem gözden düşürilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG