Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gresiýa, Kipr, Ysraýyl, Orsýete garaşlylygy azaltmak üçin, EastMed ylalaşygyna gol çekdi


Kipriň prezidenti Nikos Anastasiades,Gresiýanyň premýer-ministri Kyria,Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu geçiriji ylalaşygyna gol çekdi.

Gresiýa, Kipr, Ysraýyl, ýakyn Gündogardan ýewropa tebigy gaz getirmek üçin, 1,900 kilometrlik deňiz asty geçiriji gurmak boýunça şertnama gol çekdi. Hasaplamalara görä, bu geçiriji gurulsa, kontinentiň rus energiýa üpjünçiligine garaşlylygyny azaltmaga kömek eder.

Gresiýanyň premýer-ministri Kyriakos Mitsotakis, Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu, Kipriň prezidenti Nikos Anastasiades 2-nji ýanwarda, “EastMed” taslamasy diýlip atlandyrylan şertnama gol çekmek üçin Afinada guralan dabara gatnaşdy.

Bu ylalaşyk Orsýetiň şu ýyl Ýewropa iki sany täze geçiriji – “TurkStream” (TürkAkymy) we “Nord Stream 2” (Demirgazyk Akymy 2) arkaly gaz ibermäge başlaýan wagtyna gabat geldi. Rus prezidenti Wladimir Putin we türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan plan boýunça 8-nji ýanwarda “TurkStream” geçirijisini işe girizmeli.

“MedStream” ylalaşygyna gatnaşýan hökümetler indi bu taslamany hususy maýadarlaryň maliýeleşdirmegine hödürlär. Olar gutarnykly maýa ýatyrym kararyna 2022-nji ýylda gelinmegine we geçirijiniň gurluşygynyň 2025-nji ýylda tamamlanmagyna bil baglaýarlar.

Ýewropa hökümetleri we Ysraýyl 7 milliard dollar bahalanýan taslamany durmuşa geçirmek baradaky ylalaşyga geçen ýylda geldi.

Bu geçiriji arkaly başda her ýyl Ysraýyldan we Kipr suwlary we Gresiýanyň Krete adasy arkaly 10 mlrd kub metr gaz iberilmegine garaşylýar. Soňra bu ýangyç Gresiýanyň üstünden Italiýa eltiler we Ýewropanyň gaz edaralaryna gowşar.

Türkiýe, özi gatnaşmasa ýa-da olar gündogar Ortaýer deňzinde tassyklanmasa, bu hili taslamalara rugsat berip bilmejekdigini aýdyp, “EastMed” geçirijisiniň gurluşygyna garşy boldy.

Şeýle-de Ankara bu üç ýurdy Türkýäniň daşyny gurşap almak synanyşygynda aýyplady. Gresiýanyň we Kipriň Tüdkiýe bilen oňuşmazlyklary öňräkden gelýär, Ysraýylyň hem Ankara bilen arada kynçylyklary boldy.

Waşingtonyň Ýewropanyň rus gazyna garaşlylygyny azaltmak zerurlygyny ýygy-ýygydan ýatlatmagy bilen, Birleşen Ştatlar we Ýewropa Bileleşigi bu taslamany goldaýar.

Şeýle-de resmiler bu ylalaşyk Ýakyn Gündogaryň tebigy gaz pudagyna goşmaça maýa ýatyrylmagyna kömek eder diýip umyt edýändiklerini aýtdylar.

Basdaşlykdaky “TurkStream” taslamasyTürkiýä ýylda rus gazynyň maksimum 31.5 mldr kub metrini getirer. Ol gazyň belli bir bölegi Gresiýanyň üstünden Ýewropa eksport ediler.

Orsýetiň şu ýylyň aýagyna çenli baltika deňziniň üstünden Germaniýa “Nord Stream 2” – Demirgazyk akym 2 arkaly gaz iberip başlamagyna garaşylýar.

“EastMed” geçirijisi “TurkStream” bilen Balkan ýurtlarynyň gaz bazarlary üçin bäsdeş bolup durýar.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo 7-nji ýanwarda, “MedEast” taslamasyny maslahatlaşmak üçin, Kipre sapara barmagy planlaşdyrdy, emma bagdatdaky ABŞ ilçihanasyn edilen hüjüm sebäpli bu sapar soňa goýuldy.

ABŞ Kongresi geçen aýda,sebitde rus gazyna garaşlylygy azatlmak maksady bilen,Gündogar Ýewropadaky energiýa desagalarynyň taslamalaryna goldaw üçin 1 mlrd ABŞ dollaryny bölmek baradaky kanun taslamasyny tassyklady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG