Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet, täze şertnama dawasy üstünde, Belarusa nebit ibermegini togtatdy


Resmiler nebit iberilmeginiň 1-nji ýanwarda togtadylandygyny, zawodyň häzir diňe şondan öň gelen nebiti gaýtadan işleýändigini aýtdylar.
Resmiler nebit iberilmeginiň 1-nji ýanwarda togtadylandygyny, zawodyň häzir diňe şondan öň gelen nebiti gaýtadan işleýändigini aýtdylar.

Belarusyň demirgyazygyndaky Navapolatsak şäherinde nebiti gaýtadan işleýän zawodyň resmileriniň aýtmagyna görä, Orsýet, tarifler üstündäki oňuşmazlyklar sebäpli, Belarusyň nebit üpjünçiligini togtatdy.

Resmiler AÝ/AR-a nebit iberilmeginiň 1-nji ýanwarda togtadylandygyny, zawodyň häzir diňe şondan öň gelen nebiti gaýtadan işleýändigini aýtdylar.

Moskwanyň belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenka iki ýurduň arasyndaky garylyp-gatylmagy çuňlaşdyrmak barada edýän basyşlarynyň güýçlenmegi bilen baglylykda, Belarus bilen Orsýet indi esli wagt bäri nebit tranziti üstünde oňuşman gelýär.

31-nji dekabrdaky soňky möhletden öň tebigy gazyň bahalary boýunça baglaşylan iki aýlyk ylalaşyk taraplara ýyl başyndan gaz ibermegiň kesilmeginden gutulmaga kömek etdi.

Rus energiýasynyň Ýewropa barýan ýolundaky esasy tranzit ugry bolan Belarus Orsýete ýangyç we maliýe kömegi boýunça köp derejede garaşly bolup durýar.

Moskwa we Minsk 1999-njy ýylda birleşdirilen döwlet döretmek şertnamasyna gol çekdi, emma bu meselede iki onýyllyk içinde uly bir öňegidişlik gazanylmady.

XS
SM
MD
LG